Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Siriýa, Belarusa we Eýrana garşy täze sanksiýalary girizdi


Anna güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde geçirýän maslahatlarynda Siriýa, Belarusa we Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek barada karar kabul etdiler.

Täze sanksiýalar bu ýurtlaryň resmilerinden we kompaniýalaryndan ýene käbirlerine garşy berk çäreleri göz öňünde tutýar.

Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi mundan ozal Bileleşigiň territoriýasyna gelmekleri gadagan edilen we bank hasaplary doňdurylan Siriýanyň onlarça resmisiniň hataryna ýene 10-a golaý adam goşdy. Olaryň hatarynda prezident Başar al-Assadyň aýaly-da bar.

Ýewropa Bileleşiginiň “gara sanawyna” Belarusdan ýene 29 firma we 12 adam goşuldy, Eýrandan bolsa 17 adam goşuldy.
XS
SM
MD
LG