Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Assada “birinji ädimi” ätmegi ündeýär


Prezident Başar al-Assad we aýaly Asma
Prezident Başar al-Assad we aýaly Asma
Siriýanyň iň täsirli ýaranlary Başar al-Assadyň we onuň hökümetiniň hereketleri bilen baglanyşykly alada bildirýäne meňzeýär.

Orsýet we Hytaý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Assadyň hökümetiniň alyp barýan zorlukly hereketlerini ýazgarýan rezolýusiýalarynyň öňüni böwetläpdiler. Moskwa we Pekin gandöküşikliklerde hökümete garşy güýçleriň-de günäkärdigini halkara jemgyýetçiligine ýatladypdylar. Emma hatda Siriýanyň bu ýaranlary-da indi Assada, göreşi togtadyp, oppozisiýa bilen açyk gepleşikleri geçirmegi ündeýärler.

22-nji martda Orsýet Siriýanyň hökümetiniň gyssagly çäre görmeginiň zerurlygyny ýene ýatlatdy. Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi bolan Federasiýa Geňeşiniň Daşary syýasat boýunça komitetiniň başlygy Mihail Margelow Siriýadaky konfliktiň togtadylmalydygyny we birinji ädimi prezident Başar al-Assadyň ätmelidigini aýtdy.

Orsýetiň prezidentiniň Afrika boýunça ýörite wekili wezipesini ýerine ýetirýän Margelow, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýolbaşçysynyň BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annanyň parahatçylyk inisiatiwasyny goldap eden çykyşyna ünsi çekdi. Margelow, mejbur ediji rezolýusiýa kabul edilmese-de, bu çykyşyň Howpsuzlyk Geňeşinde biragyzdan goldanan pozisiýadygyny nygtady.

Mihail Margelow
Mihail Margelow
Margelowyň sözlerine görä, Orsýet Başar al-Assad “goýberen köp ýalňyşlyklaryny” tiz düzetmeli diýip hasap edýär. “Ikinji ädim” hökmünde Assad “iri şäherlerden Siriýanyň goşunyny yza çekmeli we konflikt döwründe ejir çekenlere ynsanperwer kömegi bermeli”.

Margelow, arap ýurtlarynda bahar rewolýusiýalary başlananda, Kremliň Ýakyn Gündogara iberen resmi wekili hökmünde Müsüre we Liwiýa syýahat edipdi.

Hytaýyň garaýşy

Hytaý öz garaýşyny resmi derejede az mälim edýän hem bolsa, Assadyň hökümetinden öz nägileligini duýdurdy.

Şu aýyň başynda Hytaý Siriýadaky konfliktiň çözgüdi boýunça alty punktdan ybarat planyny teklip etdi. Hytaýyň Siriýadaky öňki ilçisi Li Hueksin öz ýurdunyň teklibini netijeli programma diýip atlandyrdy. Emma Siriýa meselesinde Pekiniň hiç kimiň tarapyny tutmajagyny mälim etdi.

Hytaýyň bu pozisiýasy BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili hökmünde BMG-niň öňki Baş sekretary Kofi Annan öz parahatçylykly inisiatiwasyny hödürlemezinden öň yglan edilipdi.

Hytaý we Orsýet 21-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň Siriýa boýunça beýannamasyny goldadylar.

Siriýadaky soňky ýagdaý

Siriýanyň hökümeti oppozisiýany “terrorçylar” diýip atlandyryp, ony dargatmak üçin ýaragly güýçleri ulanmagyny dowam etdirýär.

Hepdäniň penşenbe güni hökümetiň goşunlary ýurduň Türkiýe bilen serhedine golaý ýerde ýerleşýän Binieş şäherini oka tutdular. Gozgalaňçylaryň elinde bolan Homs, Irlib we Deraa şäherleri bolsa ençeme günläp dowam eden ok atyşygyndan soň hökümet goşunlarynyň gözegçiligine geçdi.

“Siriýanyň Milli geňeşi” atly oppozision topar, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň beýannama bilen çykyş etmegini makullady, emma ol bu beýannamanyň Siriýanyň halkynyň “zerurýetine” gabat gelmeýänligini aýtdy.

Oppozision toparyň pikirine görä, beýannama “režimiň öz halkyna garşy repressiýalary güýçlendirmegine ýol açdy”.

Britaniýada ýerleşýän “Siriýada adam hukuklary boýunça gozegçi” atly gurama 22-nji martda Siriýadaky zorluklarda 62 adamyň heläk bolanlygyny habar berdi.

BMG-niň maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň mart aýynda gozgalaň başlanaly bäri Siriýada 8 müňden gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG