Sepleriň elýeterliligi

Kuweýtde gazak gimniniň ýerine onuň parodiýasy ýaňlandy


Kuweýtdäki halkara ýaryşynda nyşana ok atmakda birinji ýeri alan gazagystanly sportsmen Mariýa Dmitrienko (ortada) medal gowşurylyş dabarasynda Gazagystanyň milli gimniniň ýerine “Borat” kinokomediýasyndan parodiýa gimni diňlemeli boldy.

Kuweýtdäki halkara ýaryşynda nyşana ok atmakda birinji ýeri alan gazagystanly sportsmen Mariýa Dmitrienko (ortada) medal gowşurylyş dabarasynda Gazagystanyň milli gimniniň ýerine “Borat” kinokomediýasyndan parodiýa gimni diňlemeli boldy.

Anna güni Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Kuweýtde geçýän halkara sport ýaryşynda Gazagystanyň milli gimniniň ýerine oňa döredilen parodiýanyň eşitdirilmegini “skandal waka” diýip atlandyrdy.

22-nji martda Kuweýtdäki halkara ýaryşynda gazagystanly sportsmen Mariýa Dmitrienko nyşana ok atmakda birinji ýeri alyp, medal gowşurylyş dabarasynda podiuma çykanda, Gazagystanyň gazak dilindäki teksti bilen milli gimni ýaňlanmalydy.


Emma Mariýa Dmitrienko bu milli gimniň ýerine “Borat” kinokomediýasy üçin ýazylan iňlis dilindäki parodiýa gimnini eşitdi.



Bu kemsidiji parodiýa gimnde käbir beýleki zatlar bilen bir hatarda Gazagystan iň bir ajaýyp kaliý eksporty we, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, iň bir arassa prostitutkalary bolan ýurt hökmünde-de wasp edilýär.

Ötünç soralmagy talap edildi

Bu gimniň eşitdirilişindäki wideo ýazgyda elini ýüreginiň üstüne goýup, ony diňläp duran Mariýa Dmitrienkonyň bu bolan waka düşünmän, gözüni elek-çelek edýändigini görmek bolýar.



Bu ýaryşa gatnaşýan gazagystanly beýleki sportsmenler “ITAR-TASS” habar agentligine beren interwýularynda bu aýdymyň ýaňlanlyp duran wagty, ony öçürtmäge synanyşandyklaryny, emma aýdymy goýanlaryň bu aýdymyň özlerine ýokary häkimiýetlerden gelendigini aýdandyklaryny bellediler.

Bu wakanyň yzy bilen Gazagystanyň sport komandasy Kuweýtiň häkimiýetlerinden bu bolan waka üçin dessine resmi ýagdaýda ötünç soramaklaryny talap etdi. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi häzirki wagt bu wakany öwrenýändigini mälim etdi.

Bu waka bilen baglanyşykly Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow geçen ýyl agyr atletika boýunça Parižde geçen dünýä çempionatynda Gazagystanyň ozalky köne gimniniň ýaňlanandygy üçin ýaryşy gurnaýjylaryň dessine ötünç sorandyklaryny ýatlady.

Ol häzirki bolan wakanyň geçen ýylky wakadan has hem çynlakaý wakadygyny nygtady.

Näme sebäp bolup biler?

Kuweýtiň häkimiýetleri edil häzirki pursata çenli bu bolan waka barada hiç hili resmi düşündiriş bilen çykyş etmediler.

Köp synçylar bu masgaraçylykly aýdymyň eşitdirilmegini Kuweýtiň Gazagystany kemsitmek üçin bilkastlaýyn gurnan işimikä ýa-da bu çäräni gurnaýjylar “Borat” kinokomediýasyndaky aýdymy hakykatdanam resmi gimndir öýtdülermikä diýen soraga jogap gözleýärler.

Ýatladyp geçsek, 2006-njy ýylda “Borat” kinokomediýasy kinoteatrlaryň ekranyna çykanda, käbir beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Kuweýt hem bu filmiň bu ýurtda görkezilmegini gadagan edipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG