Sepleriň elýeterliligi

Ýagşylykda ýatlanýan ýagşy ynsan


Belli teatr we kino režissýory, žurnalist Halmyrat Gylyçdurdyýew

Belli teatr we kino režissýory, žurnalist Halmyrat Gylyçdurdyýew

Geçen anna güni Aşgabatda Halmyrat Gylyçdurdyýewiň öýünde onuň dogan-garyndaşlary hem ähli tanyş-bilişleri jemlenip, Halmyrat aganyň hatyrasyny bellediler hem dowa-töwir etdiler.

Beýik akyldar Magtymguly-Pyragyda şeýle setirler bar:

Bakyň bu eýýamy, görüň gerdişi,
Pukara zulum etmek boldy werdişi,
Hak ýolunda dogry gezen derwüşi
Goýmadylar öz halyna ýatmaga.


Bu zamanda derwüş ýok. Indi derwüşi görenlerem galmandyr. Ýöne derwüş şekilli hak sözi gözläp, hakykat ugrunda jebir-jepa çekýänler welin bar. Olardan biri, megerem, Halmyrat Gylyçdurdyýew bolsa gerek.

Halmyrat Gylyçdurdyýew 1940-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inipdi. Orta mekdebi gutarandan soň, ol Daşkendiň Teatral institutynyň režissýorlyk fakultetini tamamlady. Şondan soň Halmyrat Gylyçdurdyýew Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda, Ýaş tomaşaçylar teatrynda, “Türkmenfilm” kinostudiýasynda, türkmen telewideniýesinde režissýor bolup işledi.

Kynçylyklar žurnalizme getirdi

Ol uly sungat ussatlaryndan tälim alyp, halypalyga ýetişdi. Ýöne S.Nyýazowyň şahsyýetiniň dabaralanyp başlan döwründe Halmyrat Gylyçdurdyýewe özbaşdak pikir ýöretmäge, öz isledigiçe eser döretmäge ýol berilmedi. Öz pikirini subut etmek isläninde, ony professional işinden çetleşdirdiler. Ol ömrüniň soňky onýyllygyny žurnalistika bagyş etmeli boldy.

Ol bu işe örän batyrgaý girişdi. Meseleleri açyk aýtdy. Hiç bir ýerde özüni ýaşyrjak bolmady. Halmyrat aga aslynda sungat adamy bolansoň, özüniň kim üçin çykyş edýänini, adamlara öz pikirini aýdyň ýetirmegiň ugurlaryny oňat bilýärdi. Ol açyk hem takyk gürleýärdi. Sesleri iýmeýärdi, pikirini düşnükli aýdýardy. Şeýdibem, ol adamlaryň ünsüni özüňe çekýärdi.

Türkmenistandaky kynçylyklar örän düýpli hem bulaşyk bolansoň, käbir ýagdaýy diňe reportaž arkaly düşündirmek mümkin däldi. Mysal üçin, 2000-nji ýyllarda Aşgabadyň özünde hem töwerek-daşynda ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp başladylar. Jaý kanuny gurlan jaý bolsun ýa wagtlaýyn ýa ýönekeý kepbe bolsun ýa-da gymmatbaha jaý bolsun, tapawudy ýok, her bir jaýyň aňyrsynda adam ykbaly bar. Her bir jaýda tutuş maşgalanyň takdyry ýatyr.

Şonda öz jaýyny goran adamlar barada wagtynda Azatlyk Radiosy habar beripdi. Bu meselä Halmyrat Gylyçdurdyýew hem ýüzlendi. Soňra ol öz reportažyny guraksy görüp, bu barada çeper hekaýa-da ýazdy. Ol radio diňleýjilere öz hekaýasyny okap berdi.

Ol bilinmeýän zatlary açýardy

Onuň taýýarlan iň gowy materiallary Türkmenistanyň belli sungat işgärlerine degişli materiallar boldy. Onuň sungat işgärleri baradaky gepleşikleri täsindi hem öň köpçşlige mälim bolmadyk zatlardy.

Şu babatda mysal getirip bolaýjak köpsanly wakalardan birini ýatlamak ýerlikli bolar. Mysal üçin, Azatlyk Radiosynda Gökdepe söweşi bilen baglanyşykly köp maglumatlar berildi. Ýöne Halmyrat Gylyçdurdyýew taryhyň bu döwrüniň gizlin taraplaryny öwrenip, Gökdepe gyrgynçylygyndan soň, belli rus hudožnigi, batalist W. Wereşaginiň Gökdepä gelendigini, onuň hut Gökdepe temasyndan surat eserlerini döredendigini diňleýjilere ýetirdi.

Ýöne ol eserleriň döredilen ýeriniň hem atlarynyň häli-häzire çenli gizlin saklanýandygyny-da aýtdy.

Beýleki bir mysala ýüzlensek, 60-njy ýyllaryň ortalarynda “Aýgytly ädim” filmi ekrana çykdy. Hemmeleri haýran galdyran bu ajaýyp filmi döretmäge gatnaşanlara baýrak berilmeli edilipdir. Ýöne her näçe geň bolsa-da, filme saz ýazan belli kompozitor Nury Halmämmedow hem filmde Aşyryň roluny oýnan we Artyk Babalydan soňky ikinji esasy gahrymany döreden Artyk Jallyýewe hiç zat berilmändir.

Türkmen kino sungatyndaky köplere mälim bolmadyk şu wakalaryň sebäplerini-de Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri Halmyrat Gylyçdurdyýewden eşidipdiler. Ol şeýle işewür we dogruçyl adamdy.

Şol ynsan biziň aramyzdan gitdi.

Hudaýberdi Hally türkmen ýazyjysy we publisisti. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Redaksiýadan: "Çeşmeler" radiogepleşiginiň nobatdaky goýberilişinde Halmyrat Gylyçdurdyýewiň ömri we döredijiligi barada gürrüň edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG