Sepleriň elýeterliligi

Kuweýtiň sport resmileri Gazagystandan ötünç soradylar


Kuweýtde nyşana ok atmak boýunça geçýän halkara ýaryşyny gurnaýjylar Gazagystanyň milli gimniniň ýerine “Borat” kinokomediýasyndan parodiýa gimniniň eşitdirilendigi üçin şenbe güni resmi ötünç soradylar.

Bu waka 22-nji martda gazagystanly sportsmen Mariýa Dmitrienko nyşana ok atmakda birinji ýeri alyp, medal gowşurylyş dabarasynda podiuma çykanda ýüz berdi.

Maglumata görä, ýaryşy gurnaýjylar internetden Gazagystanyň milli giminini göçürenlerinde ýalňyşlyk bilen “Borat” atly kinokomediýadaky parodiýa gimni göçüripdirler.

Anna güni Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Gazagystany masgaralaýjy parodiýa gimniň Kuweýtdäki ýaryşda eşitdirilmegini “skandal waka” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG