Sepleriň elýeterliligi

Kosmosdaky zibil kosmos stansiýasynda uly alada döretdi


Kosmos giňişliginde Orsýetiň zibile öwrülen raketasynyň galyndylary şenbe güni irden halkara kosmos stansiýasynda alada döretdi.

Birleşen Ştatlaryň NASA kosmos agentligi şenbe güni kosmosdaky raketanyň galyndylarynyň halkara kosmos gämisiniň örän golaýyndan geçendigini we emele gelen howply ýagdaýdan goranmak üçin kosmos gämisindäki alty astronawtyň ýörite gorag kapsulynda gizlenendiklerini habar berdi.

Maglumata görä, raketanyň galyndylary kosmos gämisine degmän, golaýdan geçip gidipdir. Häzirki wagt kosmos giňişliginde uçup ýören bu halkara kosmos stansiýasynda iki amerikan, üç rus we bir golland astronawty ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG