Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kofi Annan Moskwada we Pekinde Siriýadaky krizisleri maslahatlaşar


BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa meseleleri boýunça ýörite wekili Kofi Annan Siriýadaky krizisli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Orsýete we Hytaýa sapara ugrady.

“Interfaks” habar agentliginiň maglumatyna görä, Kofi Annan ýekşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşar.

Geljek hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri bolsa onuň Hytaýyň ýokary derejeli resmileri bilen şu gürrüňi edilýän mesele bilen baglanyşykly gepleşik geçirjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG