Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanly aktiwistler Žanaözen wakasynyň 100 gününi bellediler


Şenbe güni Gazagystanyň aktiwistleri Žanaözen wakasynyň 100 gününi bellemek maksady bilen, Almaty şäherinde demonstrasiýa gurnadylar.

“Žanaözen-2011” komitetiniň başlygy we Kynçylykdaky žurnalistler fondunyň direktory Ramazan Esergepow bu demonstrasiýada eden çykyşynda BMG-ni, ÝHHG-ni, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyny we ABŞ-nyň Döwlet departamentini Žanaözen wakalary boýunça anyk we prinsipial pozisiýalaryny yglan etmeklige çagyrdy.

2011-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň günbataryndaky Žanaözen şäherinde hökümet güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde 15 adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG