Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen delegasiýasy Waşingtonda duşuşyklar geçirdi


ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda 22-23-nji mart günleri türkmen delegasiýasynyň sapary wagtynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilendigi habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, anna güni bu saparyň barşynda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Döwlet sekretarynyň komekçisi Robert Bleýk, Döwlet departamentiniň Ýewropa we Aziýa energetika meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar, ABŞ-nyň prezidentiniň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Denis Makdon we käbir beýleki ýokary derejeli resmiler bilen özara gepleşik geçiripdir.

Gepleşiklerde türkmen-amerikan hyzmatdaşlyklarynyň ähli ugurlaryna degişli giň meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Maglumata görä, türkmen delegasiýasynyň agzalary “Chevron”, “Exxon Mobile”, “Conocophillips”, “Caterpillar”, “Boeing”, “Case New Holland” we “Bell Helicopter” ýaly ençeme iri amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen-de duşuşypdyrlar.
XS
SM
MD
LG