Sepleriň elýeterliligi

Amerikan kompaniýalary TOPH proýektine gyzyklanma bildirýärler


Anna güni “Roýter” habar agentligi iki sany uly amerikan nebit kompaniýasynyň Türkmenistandan Hindistana çekilmegi göz öňünde tutulýan TOPH gaz proýektine uly gyzyklanma bildirendiklerini habar berdi.

Öz maglumatynda “Roýter” habar agentligi Birleşen Ştatlaryň Ýewroaziýa energiýa meseleleri boýunça ýörite wekiliniň baş maslahatçysy Daniel Steýniň sözlerine salgylanýar.

Bu maglumata görä, Daniel Steýn “Biz TOPH proýektine belli bir derejede amerikan kompaniýalarynyň-da gatnaşmaklaryny isleýäris” diýip belläpdir.

Ýöne Daniel Steýniň bu proýekte gatnaşmak isleýän kompaniýalaryň anyk haýsy kompaniýalardygyny aýtmakdan saklanandygy habar berilýär.

Türkmen gazyny Owganystana, Pakistana hem-de Hindistana ýetirmekligi göz öňünde tutýan bu TOPH proýekti boýunça anyk ylalaşyga dört ýurt şu ýylyň 31-nji iýulyna çenli gol çekmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG