Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama “Demilitirizasiýa zonasyna” sapar etdi


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Korýanyň araçägindäki “Demilitirizasiýa zonasy” diýlip atlandyrylýan ýere sapar etdi.

Ol bu ýerdäki serhet gözegçilik postuna bardy hem-de ol ýerdäki amerikan harbylary bilen duşuşdy. Amerikan prezidentleriniň Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Korýanyň araçägindäki “Demilitirizasiýa zonasyna” saparlary soňky onýyllyklarda özboluşly bir däbe öwrüldi.

Mundan ozal bu ýere ABŞ-nyň ozalky prezidentleri Ronald Reýgan, Bill Klinton we Jorj Buş dagylar-da sapar edipdi.

Barak Obama Günorta Koreýa edýän häzirki saparynyň barşynda hepdäniň duşenbe güni ýadro terrorizminiň potensial howplary bilen baglanyşykly Seulda geçiriljek halkara konferensiýasyna-da gatnaşar.

Bu konferensiýa dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan döwlet liderleriniň gatnaşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG