Sepleriň elýeterliligi

Talybanlar Pakistanyň parlament deputatlaryna ölüm haýbatyny atýarlar


Ýekşenbe güni Talyban güýçleri Owganystandaky NATO güýçlerine Pakistanyň üsti bilen ýük daşalmagyna gaýtadan rugsat berlen halatynda, Pakistanyň parlament deputatlaryna we olaryň maşgala agzalaryna hüjüm etjekdiklerini aýdyp, duýduryş ýaýratdylar.

Talybanlaryň ýaýradan beýanatynda olaryň parlamentiň binasyna-da hüjüm etjekdikleri we NATO-nyň ýüklerini daşaýan ýerli ulag sürüjileri jemgyýetçiligiň öňünde jezalandyryp öldürjekdikleri-de aýdylýar.

Geçen ýylyň noýabrynda NATO-nyň geçiren howa hüjüminde 24 sany pakistanly esgeriň ölmeginiň yzy bilen, Pakistanyň hökümeti bu ýurduň üsti bilen NATO-nyň Owganystana ýük geçirmegini gadagan edipdi.

Duşenbe güni Pakistanyň parlamenti Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesi barada maslahata başlamaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG