Sepleriň elýeterliligi

HRW Siriýanyň hökümet güýçlerini “janly galkan” ulanmakda aýyplaýar


Ýekşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy ýakynda Siriýada geçirilen harby operasiýalarda Siriýanyň hökümet güýçleriniň parahat ýaşaýjylary janly galkan hökmünde ulanandyklaryny aýdyp, bu ýagdaýa öz aladasyny bildirdi.

Bu barada ýaýradan beýanatynda Human Rights Watch guramasy, hususan-da, Siriýanyň Idlib prowinsiýasynda oppozision ýaragly söweşijilere garşy hüjüme geçenlerinde hökümet güýçleriniň ýerli ýaşaýjylary öz öňlerinde janly galkan hökmünde ýöremäge mejbur edendiklerini aýdýar.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýada soňky bir ýyl bäri dowam edýän halk çykyşlarynyň barşynda 8 müňden gowrak adamyň ölendigini belleýär.
XS
SM
MD
LG