Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kofi Annan Siriýa meselesi barada Moskwada gepleşik geçirdi


Ýekşenbe güni BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa meseleleri boýunça ýörite wekili Kofi Annan Moskwada prezident Dmitriý Medwedew bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde Kofi Annan Siriýadaky krizisleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek meselesinde Orsýetiň möhum rol oýnap biljekdigini nygtady.

Bu wakanyň öňýany Orsýetiň hökümeti Siriýadaky ýaragly söweşijilere daşardan syýasy we ýarag goldawlarynyň berilýändigini aýdyp, tä bu goldawlar bes edilýänçä bu ýurtdaky meseleleriň parahatçylykly çözülip bilinmejekdigini nygtap çykyş etdi.

Kofi Annan Moskwa saparyndan soň, sişenbe we çarşenbe günleri Siriýadaky krizisler barada Hytaýyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG