Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kandagarda öldürilen raýatlaryň maşgalalaryna kompensasiýa tölendi


Ýekşenbe güni Owganystanyň resmileri ýakynda Kandagar welaýatynda bir amerikan esgeriniň atan okundan ölen we ýaralanan adamlaryň maşgalalaryna Amerikan hökümetiniň kompensasiýa töländigini mälim etdiler.

Kandagaryň welaýat geňeşiniň deputaty Agha Lalaý şol gürrüňi edilýän hüjümde ölen adamlaryň maşgalalaryna 50 müň dollardan, ýaralanan adamlaryň maşgalalaryna bolsa 11 müň dollardan kompensasiýa tölenendigini aýtdy.

Amerikan goşunlarynyň seržanty Robert Bales 11-nji martda Kandagaryň etegindäki bir obanyň ýaşaýjylaryny oka tutanda, 17 sany parahat ýaşaýjy ölüpdi. Anna güni ABŞ-nyň sudy oňa 17 adamy bilkastlaýyn öldürmekde resmi aýyplama bildirdi.
XS
SM
MD
LG