Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda iki sany britan esgeri öldürildi


Soňky waka “ýaşyllar göklere” diýlip atlandyrylýan hüjümleriň nobatdakysyna meňzeýär.

Soňky waka “ýaşyllar göklere” diýlip atlandyrylýan hüjümleriň nobatdakysyna meňzeýär.

Owganystanda hereket edýän NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler owgan goşunynyň harby lybasyny geýnen bir adamyň ýurduň günortasynda ýerleşýän NATO bazasynda iki sany britan esgerini atyp öldürendigini aýdýarlar.

Halkara howpsuzlyk boýunça goldaw güýçleriniň (ISAF) metbugat wekili Jastin Brokhof bu hüjümçiniň NATO esgerleriniň gaýtargy oky bilen öldürilendigini aýtdy. Waka duşenbe güni boldy.

Resmileriň aýtmagyna görä, hüjüm ýurduň Gilment welaýatynyň Laşkar Gah etrabyndaky harby bazada bolupdyr.

Bu hüjüme nämäniň sebäp bolandygyny häzirlikçe anyk däl. Emma bu waka “ýaşyllar göklere” diýlip atlandyrylýan hüjümleriň nobatdakysyna meňzeýär. Bu hüjümlerde owgan howpsuzlyk güýçleri özleriniň halkara kärdeşlerini ýa-da maslahatçylaryny nyşana alýarlar.

Şuňa meňzeş hüjümler soňky ýylyň dowamynda, esasan hem fewral aýynda Gurhan kitaplarynyň ýalňyşlyk bilen ýakylmagyndan, şeýle hem şu aýyň başynda amerikan esgeriniň 17 sany owgan raýatyny gyrgyna berendigi aýdylýan wakadan soň hasam ýaýbaňlandy.

Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň serkerdebaşysy general Jon Allen geçen hepde ABŞ-nyň Senatynynyň komitetine şu ýylyň dowamynda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň 13 agzasynyň öldürilendigini, bu hüjümleriň owgan güýçleriniň agzalary ýa-da olaryň ýaranlary tarapyndan gurnalan bolup çykandygyny aýtdy.

Basyşlar güýçlenýär

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi 2007-nji ýyldan bäri owganlaryň öz NATO-ly kärdeşlerine azyndan 45 gezek hüjüm edendigini mälim etdi. Bu hüjümleriň 75 göterimden gowragy geçen iki ýylyň dowamynda ýüze çykypdyr.

Owganystanda parahat ilatdan 17 adamyň öldürilmegi bilen bagly aýyplama bildirilýän seržant Robert Beýls häzirki wagtda Kanzasda ýerleşýän Fort Liwenwortdaky amerikan harby türmesinde saklanýar. Ol Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Gandagar welaýatyndaky bazasyny terk edenlikde we sekiz sany uly adamy we dokuz sany çagany öldürenlikde aýyplanýar.

Gurhan wakasyndan we gyrgynçylykdan soň, Owganystanda Birleşen Ştatlara garşy basyşlar barha güýçlenýär.

“Talyban” Gandagardaky ok atyşlyk üçin “berk ar almagy” wada berdi, şeýle hem Katarda Birleşen Ştatlar bilen geçirilýän başlangyç gepleşikleri togtadýandygyny yglan etdi. Bu gepleşikler doly derejedäki parahatçylyk gepleşikleriniň geçirimegi üçin özara ynamy döretmegi maksat edinýärdi.

Gandagar gyrgynçylygyndan soň, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý NATO esgerlerini owgan obalaryndan çekilmäge we diňe esasy bazalarda galmaga çagyrdy.

Şeýle hem Karzaý Waşingtona owgan güýçleriniň Owganystandaky howpsuzlygyň jogapkärçiligini NATO güýçlerinden 2014-nji ýyla çenli däl-de, 2013-nji ýyla çenli almagyny isleýändigini aýtdy.

Duşenbedäki gepleşikler

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad duşenbe güni Täjigistanyň paýtagty Duşenbede eden çykyşynda Owganystandaky ähli problemalara ABŞ-nyň Owganystandaky syýasatynyň sebäp bolýandygyny aýdyp, ony tankytlady.

Wideo: Ahmedinejadyň çykyşy amerikan delegasiýasynyň konferensiýadan çykyp gitmegine sebäp boldy.

Ahmedinejad ABŞ-nyň Owganystana terrorizme garşy göreşmek bahanasy bilen 2001-nji ýylyň ahyrynda girendigini we häzir hem tutuş regiony gabamak üçin şol bahanany ulanýanygyny aýtdy.

Duşenbe şäherinde geçirilýän konferensiýa Owganystanyň goňşy döwletleriniň liderleri, şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýkiň ýolbaşçylygyndaky amerikan delegasiýasy gatnaşýar.

“Talybanyň” ýaranlary bolan “Al-Kaýda” toparlanyşyklary 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlarda terror hüjümlerini amala aşyrandan soň, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler Owganystana girdi we “Talyban” režimini agdardy. Şondan bäri amerikan güýçleri prezident Karzaýyň hökümetiniň güýçlenmegine ýardam bermek we “Talybanyň” häkimiýete täzeden dolanmagynyň öňüni almak üçin bu ýurtda saklanyp galýarlar.
XS
SM
MD
LG