Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan harby geýimindäki hüjümçi NATO-nyň iki esgerini öldürdi


Owganystanda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky harby güýçleriň berýän maglumatyna görä, ýurduň günortasynda ýerleşýän NATO-nyň bazasynda owgan harby geýimindäki bir adam iki sany britan esgerini atyp öldürüpdir.

Howpsuzlyk kömegi boýunça halkara güýçleriniň sözçüsi maýor Jeýson Waggoneriň aýtmagyna görä, duşenbe güni hüjümçi NATO-nyň esgerlerine ýarag çenänden soň, gaýtargy ok atyşlygynda atylyp öldürilipdir.

Resmilere salgylanyp berilýän maglumatlara görä, waka Gilment welaýatynda, Laşkar Gahdaky bazada ýüz beripdir.

Bu waka owgan howpsuzlyk gullukçylarynyň öz halkara kärdeşlerine garşy eden hüjümleriniň soňkusy bolup durýar.

Şular ýaly hüjümleriň owgan harby geýimindäki söweşijiler tarapyndan gurnalan halatlarynyň hem bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG