Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýanyň paýtagty Damaskdaky ilçihanasyny ýapýar


Siriýada gandöküşligiň dowam edýändigi baradaky maglumatlar bilen baglylykda Türkiýe Damaskdaky ilçihanasyny ýapýandygyny we ilçisini yzyna çagyrýandygyny yglan etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi goňşy ýurtda howpsuzlyk ýagdaýynyň erbetleşýändigi barada maglumat berdi.

Geçen hepde Türkiýe Siriýadaky ähli raýatlarynyň haýdan-haý öýlerine dolanmaklaryna çagyryş edipdi we Damaskdaky konsullygynyň ýapylýandygy mälim edipdi.

Ýöne Türkiýäniň Aleppoda ýerleşýän konsullygynyň saklanyp galmagyna garaşylýar.

Türkiýe Siriýanyň oppozisiýasynyň tarapdarlarynyň zor bilen basylyp ýatyrylmagyna soňky ýylyň dowamynda berk garşylyk görkezip geldi, Siriýa režimine garşy birnäçe sanksiýalary girizmegi teklip etdi hem-de prezident Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegini talap etdi.

Siriýadaky bidüzgünçiliklerden gaçyp, müňlerçe bosgun Türkiýeden pena sorady.
XS
SM
MD
LG