Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Annanyň Moskwadan soň Hytaýa barmagyna garaşylýar


Arab Ligasynyň we BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annanyň Moskwa saparyndan soň Pekine barmagyna garaşylýar.

Annan Orsýetiň paýtagtyna öz parahatçylyk planyna goldaw tapmak üçin bardy. Bu plan ok atyşlygy bes etmekligi, Siriýanyň hökümet güýçleriniň şäherlerden we şäherçelerden çykarylmagyny we ol ýerlere ynsanperwer kömegini ýetirmäge mümkinçiligiň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwanyň Annany doly goldaýandygyny we munuň Siriýada garždan urşunyň tutaşmazlygy üçin iň soňky mümkinçilikdigini aýtdy.

Mundan ozal Orsýet we Hytaý Siriýadaky gandöküşlik sebäpli Damasky tankytlaýan BMG-niň iki rezolýusiýasyna garşy çykypdy, ýöne bu döwletleriň ikisi hem Howpsuzlyk Geňeşiniň Annanyň missiýasy baradaky beýannamasyny goldadylar.

Aktiwistleriň maglumatlaryna görä, Siriýada Başar al-Assadyň tarapdarlary Homs şäherini gabap, başga bir oppozisiýa toparyna degişli pitneçiler bilen çaknyşypdyrlar. Bu çaknyşyklarda 27 adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG