Sepleriň elýeterliligi

Duşenbede regional hyzmatdaşlyk konferensiýasy geçirilýär


Duşenbe güni Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Owganystanyň howpsuzlygy boýunça regional hyzmatdaşlyk konferensiýasy açyldy.

Iki gün dowam etjek bu konferensiýa Owganystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Eýranyň prezidentleri gatnaşýarlar. Bu Owganystanyň we regionyň howpsuzlygy boýunça geçirilýän bäşinji regional konferensiýadyr.

Konferensiýa Türkmenistan tarapyndan ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşýar.

Duşuşykda regional ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça Stambulda kabul edilen soňky kararlaryň ýerine ýetirilişine garalýar.

Konferensiýanyň öň ýanynda Brýusselde ýerleşýän Halkara krizis toparynyň täze hasabaty ýaýradyldy. Hasabatda Hamid Karzaýyň hökümetiniň “Talyban” bilen gepleşik geçirmek synanyşyklarynyň parahatçylygy gazanmakda gowy netije bermejekdigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG