Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Çellenjer-870” ýolagçy uçaryny satyn aldy


Aşgabadyň halkara aeroportuna Kanadanyň “Bombardier” kompaniýasynyň “Çellenjer-870” kysymly ýolagçy uçarynyň gelip gonandygyny TDH habar berýär.

Resmi habara görä, “Türkmenhowaýollarynyň” satyn alan bu uçary Türkmenistanyň halkara we içerki reýslerde ulanýan uçarlarynyň hataryna goşular.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň maglumatyna görä, “Çellenjer-870” uçarynyň giň salony bolup, ol ýolagçylar üçin iň ýokary amatlykdaky mehanizmler bilen abzallaşdyrylypdyr.

Täze uçar türkmen awiatorlarynyň halkara reýsleriniň gerimini giňeltmäge we hereket edýän reýsleri ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG