Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowruz-2013 halkara festiwaly Aşgabatda geçiriler


Dördünji halkara Nowruz festiwaly indiki ýyl Aşgabatda geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilýän üçünji Nowruz festiwalynda karara gelindi.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, Duşenbe şäherinde geçirilýän dabara Täjigistanyň, Eýranyň, Owganystanyň we Pakistanyň prezidentleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň döwlet delegasiýalary we BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýan Kubiş gatnaşýar.

Bu festiwala Türkmenistan tarapyndan wise-premýer Baýmyrat Hojamuhammedow gatnaşýar.

Bäşinji halkara Nowruz festiwalynyň bolsa Kabulda gurnaljakdygy habar berilýär. Ozalky iki festiwal Eýranda geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG