Sepleriň elýeterliligi

Türkmen resmisi: ‘2003-nji ýyla çenli kabul edilen goşa raýatlygy ykrar edýäris’


Hajyýew hatda 2003-nji ýyldan soň başga ýurduň raýatlygyny kabul eden türkmenistanlylaryň ellerinden beýleki ýurduň pasportynyň alynmaýandygyny, olaryň hereketleriniň çäklendirilmeýändigini nygtady.

Hajyýew hatda 2003-nji ýyldan soň başga ýurduň raýatlygyny kabul eden türkmenistanlylaryň ellerinden beýleki ýurduň pasportynyň alynmaýandygyny, olaryň hereketleriniň çäklendirilmeýändigini nygtady.

Ýakynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde geçirilen diňlenişikde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary adam hukuklary bilen bagly beýleki meseleler bilen bir hatarda türkmen-ors goşa raýatlyk meselesi barada berlen soraglara hem jogap berdi. Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky goşa raýatlyk ylalaşygy 1993-nji ýylda baglaşylyp, 2003-nji ýylyň iýun aýynda, türkmen tarapynyň inisiatiwasy boýunça, bir taraplaýyn häsiýetde ýatyrylypdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew komitetde eden çykyşynda Türkmenistanda 2003-nji ýyla çenli ors pasportyny alan ýaşaýjylaryň iki raýatlygynyň ykrar edilýändigini aýtdy.

“2003-nji ýylyň iýun aýyna çenli iki pasport alan adamlaryň iki raýatlygy, kanun tersin işlemeýär diýen prinsipe görä, ykrar edilýär” diýip, Hajyýew aýtdy. “2003-nji ýylyň iýun aýyndan soň, Türkmenistanda goşa raýatlyk ýatyrlansoň, beýleki ýurduň raýatlygyny alan adamlaryň iki raýatlylygy ykrar edilmeýär”.

2003-nji ýylyň iýun aýyna çenli iki pasport alan adamlaryň iki raýatlygy, kanun tersin işlemeýär diýen prinsipe görä, ykrar edilýär.
Hajyýew hatda 2003-nji ýyldan soň başga ýurduň raýatlygyny kabul eden türkmenistanlylaryň ellerinden beýleki ýurduň pasportynyň alynmaýandygyny, olaryň hereketleriniň çäklendirilmeýändigini nygtady.

“Biz Türkmenistanyň territoriýasynda ýurduň kanunlarynyň berjaý edilmegini talap edýäris” diýip, Hajyýew aýtdy. “Ýagny, “Migrasiýa boýunça” kanuna laýyklykda, raýat daşary ýurda gidende barýan ýurdunyň wizasy goýlan Türkmenistanyň pasporty bilen gitmeli, eger sen daşary ýurt raýaty bolsaň, onda Türkmenistana geleniňde sende Türkmenistanyň wizasy bolmaly”.

Türkmen resmisi goşa raýatlyk meselesinde döräp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin düşündiriş çäreleriniň geçirilýändigini BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde eden çykyşynda aýtdy.

“Bu mesele bilen bagly biziň Orsýet Federasiýasynyň diplomatik wekilhanasy bilen ylalaşygymyz bar. Olar 2003-nji ýyldan soň iki raýatlygy kabul eden türkmenistanlylar üçin eglişikli çözgüt tapmaga synanyşýarlar” diýip, Hajyýew belledi.

“Ýuridiki aýratynlyk”

Emma, Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maslahatçy wekili Alekseý Demin ýakynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, bu ýerde ýuridiki taýdan bir aýratynlyk bar. “Ylalaşykdan çykmak islän ýurt beýleki tarapa 6 aý öňünden duýduryş bermeli. Onsoň goşa raýatlygy ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekilende ylalaşygyň ýatyrylmagy üçin bu kararyň ýurtlaryň parlamenti derejesinde tassyklanmagy göz öňünde tutulypdy” diýip, Demin aýtdy.

Türkmenistanyň parlamenti Orsýet bilen goşa raýatlyk baradaky ylalaşygyň ýatyrylmagyny bireýýäm tassyklady. Emma bu Orsýetiň Dumasy tarapyndan berjaý edilmänsoň, ors hökümeti bu ylalaşyga güýjünde galýan şertnama hökmünde garaýar. Bu barada ors diplomaty Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Emma Orsýetiň raýatlygyny alan adamlaryň sanynyň 40 müňden ýokarydygyny aýdyp biljek. Bizde 90 müň diýen sanlar hem bar. Emma bu sanlar hem köneldi.
“Umuman, bu ylalaşygyň ýatyrylmagy syýasy karar bolupdy. Häzirki wagtda bu ylalaşygyň ýatyrylmagy üçin türkmen tarapy ors tarapyny 6 aý öňünden habarly edip, ýuridiki düzgünleri berjaý etmeli. Türkmen tarapy bolsa mundan ýüz öwrüp, bar düzgünleri eýýäm berjaý edenligini aýdýar” diýip, Demin aýtdy.

Alekseý Demin 2003-nji ýyldan soň hem türkmenistanlylaryň Orsýetiň raýatlygyny almaklaryny dowam etdirendigini, özlerinde bar bolan maglumatlara görä, häzir Türkmenistanda 40 müňden gowrak Orsýet raýatynyň ýaşaýandygyny mälim etdi.

“Bizde takyk sanlaryň ýokdugyny ýene bir gezek belläsim gelýär. Emma Orsýetiň raýatlygyny alan adamlaryň sanynyň 40 müňden ýokarydygyny aýdyp biljek. Bizde 90 müň diýen sanlar hem bar. Emma bu sanlar hem köneldi. Umuman, hasap meselesi örän çylşyrymly mesele” diýip, ors resmisi belledi.

Emma BMG-de eden çykyşynda Hajyýew türkmen tarapynyň iki raýatlyk baradaky ylalaşykdan çykmagyna 9 ýyl bolandygyny, rus tarapynyň bolsa bu mesele bilen bagly proseduralary henize çenli ýerine ýetirmändigini nygtap, Türkmenistanda iki raýatlylygyň taryhyna ünsi çekdi.

“1993-nji ýylda, belli bir maksatlar göz öňünde tutulyp, bu ylalaşyga gol çekildi. Ýagny, Türkmenistan Orsýete göçmek isleýän adamlara ýardam bermek üçin şeýle ylalaşyga gol çekdi. Bu ylalaşyk öz taryhy missiýasyny ýerine ýetirdi” diýip, Hajyýew aýtdy.

“Häzir bolsa, gynansak-da, raýatlar bu ylalaşykdan jaýlaryny hususylaşdyryp öz eýeçiligine geçirmek üçin ýa-da Orsýetden beýleki ýurtlara wizasyz syýahat etmek üçin peýdalanýarlar” diýip, Hajyýew sözüni dowam etdirdi. “Bilşiňiz ýaly, Orsýet beýleki köp ýurtlar bilen wiza düzgünini ýatyrdy. Ýagny, bu ylalaşykdaky maddalar biznes ýaly başga maksatlar üçin ulanyldy. Şol sebäpli hem türkmen tarapy 2003-nji ýylda bu meseläni gozgady”.

Biometrik pasport

Türkmen resmisi 2008-nji ýyldan bäri ýurduň aeroportlarynda iki raýatlygy bolan adamlara degişli maglumatlaryň bildiriş hökmünde yglan edilendigini hem aýtdy.

Iki raýatlygy bolan adamlaryň aglabasyna bolsa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy biometrik pasporty bermeýär.
Türkmenistanly graždan aktiwist Natalýa Şabuntsyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 2013-nji ýylyň 30-njy iýunyndan soň daşary ýurtlara biletler diňe biometrik daşary ýurt pasporty bolan raýatlara satylar.

“Iki raýatlygy bolan adamlaryň aglabasyna bolsa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy biometrik pasporty bermeýär” diýip, graždan aktiwisti belledi. “Bu kynçylyk sebäpli, Türkmenistanda ýaşaýan hem goşa raýatlygy bolan köp adamlar ýurtdan göçüp gidýärler”.

Şabuntsyň beren bu maglumatyny düýbi Bolgariýada ýerleşýän “Türkmen Helsinki Fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa we düýbi Awstriýada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem tassyklady. Emma türkmen resmilerinden bu mesele bilen bagly maglumat alyp bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG