Sepleriň elýeterliligi

Seulda ýadro howpsuzlygyna çagyryldy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Dmitriý Medwedew Seulda geçirilen sammitde, 27-nji mart.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Dmitriý Medwedew Seulda geçirilen sammitde, 27-nji mart.

Seuldaky Sammitiň ikinji gününiň ahyrynda Günorta Koreýanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň liderleri ýadro howpsuzlygy boýunça has giňişleýin hyzmatdaşlyga çagyryş etdiler.

50-den gowrak ýurduň resmileri Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilen bu duşuşykda ýadro serişdeleriniň terrorçylaryň eline düşmeginiň öňüni almak meselesini geňeşdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, “erbet niýetli köp adam” ýadro serişdelerine eýe bolmaga synanyşýarka we bu howply serişdeler köp ýerde elýeterli bolup galýarka, howply ýagdaýyň saklanýanlygyny belledi.

Günorta Koreýanyň prezidenti Li Myung-bak, “ýokary derejede baýlaşdyrylan uran we plutoniý” ýaly serişdeleriň “erbet niýetli” adamlaryň eline düşmezligi üçin halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny nygtady.

Günorta Koreýanyň prezidentiniň sözlerine görä, halkara hyzmatdaşlygy howply serişdeleriň elýeterliligini çäklendirmek we ýadro serişdeleriniň bikanun söwdasynyň üstüni açyp, muňa garşy çäre görmek üçin hem zerur. Li Myung-bak bu ugurdan halkara düzgünleriniň girizilmeginde hem öňegidişligiň gerekdigini belledi.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintaonyň sözlerine görä, ýadro ýaragynyň we ýadro terroçylygynyň çeşmelerini ýok etmeli, BMG-niň hartiýasynyň prinsiplerine eýermeli, howpsuzlygyň özara ynama, özara bähbide, deňlige we hyzmatdaşlyga esaslanýan täze düşünjesine daýanmaly we günüň ýiti meselelerini hem halkara dawalaryny çözmekde parahatçylykly ýoldan gadam basmaly, şeýle-de “ýadro howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin halkara jemgyýetçiliginde oňaýly pikir döretmeli”.

Demirgazyk Koreýa we Eýrana duýduryş

Demirgazyk Koreýanyň uzaga gidýän raketa arkaly öz emeli hemrasyny uçurmak planlary Seuldaky sammitiň birinji gününe kölege saldy. Günbatar döwletleri Phenýanyň bu raketalary ýadro ýaragyny döretmek uçin synaýanlygyny çak edýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Demirgazyk Koreýa bilen Eýrana duýduryş berip, halkara jemgyýetçiliginiň ýadro ýaragynyň ýaýbaňlanmagyna ýol bermejegini aýtdy.

Amerikan prezidenti şeýle-de ABŞ-nyň Orsýet bilen ýadro ýaraglaryny çäklendirmek ugrunda işleşmek planlaryny mälim etdi. Obama ABŞ-da gereginden has köp ýaragyň bardygyny belledi.

Seuldaky sammit 2010-njy ýylda Waşingtonda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň dowamy boldy.

Waşingtondaky duşuşykdan bir ýyl ozal Çehiýanyň paýtagty Pragada eden çykyşynda Barak Obama dünýäniň ýadro ýaragsyz bolmagy baradaky öz garaýyşlaryny köpçülige ýetiripdi.
XS
SM
MD
LG