Sepleriň elýeterliligi

Obama sözleriniň arkasynda durýar, respublikanlara gaýtargy berýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe ikiçäk gürrüňinde aýdan sözlerini gorap çykyş etdi. Şol sözlerden soň ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň agzalary Obamanyň, täzeden prezident saýlanan ýagdaýynda, Orsýet bilen razylaşmak planynyň bardygyny aýdyp, ony aýypladylar.

Duşenbe güni Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilýän sammitde açyk galan mikrofonyň öňünde Obama Medwedewe ýaraglary kontrolda saklamak meseleleri, hususanda, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Ýewropada planlaşdyrylýan raketadan goranyş meselesi boýunça Orsýet bilen gepleşiklere saýlawlardan soň “has çeýelik” getirjekdigini aýtdy. ABŞ-nyň raketadan goranyş sistemasyna Orsýet garşy çykyp gelýär.

Noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda Obama prezidentlik wezipesiniň ikinji möhletine dalaş eder.

Obamanyň esasy bäsdeşi bolup biljek dalaşgär hasaplanýan respublikan Maýk Romneý Obamany Orsýetiň sözüni diňlemäge çenden aşa taýýar bolanlykda aýyplady.

Sişenbe güni Obama öz beýanatlarynda hiç-hili gapma-garşylygyň ýokdugyny aýtdy we Waşingtonda saýlawlaryň öň ýanyndaky atmosferanyň daşary syýasatyň ynjyk meseleleri boýunça demokratlar bilen respublikanlaryň konstruktiw diskussiýalaryna täsir edip bilmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG