Sepleriň elýeterliligi

Žanaözen gozgalaňy boýunça wagtlaýyn suduň binasy gabaldy


Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Žanaözen şäherinde adam ýitgisine getiren gozgalaňa gatnaşanlykda günälenen 37 adamyň sud diňlenişiginiň geçirilýän wagtlaýyn binasy ýüzlerçe adam tarapyndan gabaldy.

Geçen dekabr aýynda nebitçileriň gozgalaňynda polisiýa işgärleri azyndan 16 adamy atyp öldüripdiler.

Häkimiýetler sud edilýänleri gozgalaňy öjükdürenlikde aýyplaýarlar. Aýyplanýanlaryň tarapdarlary günäkärlemeleri ret edýärler we gandöküşlikde polisiýanyň özüni aýyplaýarlar.

Ýüzlerçe adamdan ybarat märeke sişenbe güni başlanýan sud diňlenişigine barmak üçin Aktau şäherinde gurnalan wagtlaýyn sud binasynyň töwereginde ýygnandy. Aktiwistler bu binanyň sud diňlenişigine syn etmäge gelen märeke üçin kiçiliginden şikaýat etdiler.

Kiçi ýaşdaky günälenenleriň biriniň diňlenişige gelmänligi sebäpli, sud diňlenişiginiň wagty sişenbe güni giçlige geçirildi.
XS
SM
MD
LG