Sepleriň elýeterliligi

Yragyň paýtagty Bagdatda Arap Ligasynyň sammiti geçirilýär


Arab Ligasyna girýän döwletleriň liderleri Bagdatda üç günlük sammite ýygnanyşdylar. Bu duşuşyk Yrakda 20 ýyldan soň geçirilýän ilkinji şeýle ýygnakdyr.

Gün tertibine laýyklykda, sişenbe güni maliýe we söwda ministrleri, çarşenbe güni daşary işler ministrleri we penşenbe güni döwlet baştutanlary ýygnanyşýarlar.

Häzirlikçe Arap Ligasyna girýän 22 döwletden penşenbe güni geçiriljek maslahata näçe lideriň gatnaşjakdygy mälim edilmedi. Yragyň hökümeti azyndan sekiz lideriň gatnaşjakdygyny aýdýar.

Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari Siriýa bilen Eýranyň töwereginde dörän halkara dartgynlylygy bellemek bilen, sammitiň “derwaýys wagtda” geçirilýändigini aýtdy.

Ýöne bu sammitiň nähili teklipleri öňe sürjekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Yragyň häkimiýetleri sammitiň howpsuzlygyny goramak üçin Bagdada 100 müňden gowrak polisiýa işgärlerini we esgerleri ýerleşdirdiler.

20-nji martda söweşiji toparlar Bagdatda we beýleki şäherlerde amala aşyran bomba hüjümlerinde 50-den gowrak adamy öldürdiler.
XS
SM
MD
LG