Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaguma syýahat: “Jähenneme açylan derweze”


Derweze obasynyň golaýyndaky alawlap duran gaz oýunyň yşygyny gijeki asmanda birnäçe kilometr uzaklykdan görmek bolýar. Uzakdan seretseň, ol gijäniň garaňkysynda uludan ýanyp duran tamdyra meňzeýär, ýakynyragyna barsaň, ägirt uly, içinde çydap bolmajak derejede ot ýanyp duran yssy çukura gözüň düşýär.

1971-nji ýylda sowet geologlarynyň bu ýerde amala aşyran gaz-buraw işleriniň dowamynda emele gelen bu oý 41 ýyldan bäri ýanyp dur, onuň alawlap duran ody, oduň göwrümi hem-de onuň täsinligi şol oýuň “Jähenneme açylan derweze” diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr.

Edil şu täsinligiň Derwezäni garaşsyzlyk döwründe Türkmenistana barýan az sanly turistleriň iň köp ugraýan ýerlerinden birine öwrenligi aýdylýar. Bu ýagdaýa “Google” hem “YouTube” ýaly internet saýtlarynda ýerleşdirilen ýazgylardan hem fotosuratlardan göz ýetirmek mümkin.

Derwezä syýahat edýänler bilen bir hatarda ony ýakyndan göresi gelýänleriň, derwezäniň gaz täsinligi bilen içgin gyzyklanýanlaryň sany hem az däl.

Suratlar: Derweze obasynyň golaýyndaky gaz krateri

“YouTube” saýtynda Derweze bilen baglanyşykly galdyrylan ýazgylaryň birinde: “Aha, eger mümkinçiligim bolsa, elime bir-iki sany bira alyp, arka ýaplanýan oturguçda oturup, agşamara alawlap duran şu oda seretmek islärdim” diýilýär.

Özüni Albert diýip tanadan derwezäniň beýleki bir günbatarly muşdagy bolsa, “ýagyş ýaganda bu ot nädýärkä” diýip sorag berýär. Garaz, Türkmenistanyň turistik zolaklary diýlende, Derweze internetde iň köp gürrüňi edilýän ýerlerden biri.

Derwezä bolan bu gyzyklanma onuň golaýynda ýerleşýän obanyň ýaşaýjysy 46 ýaşly Akmyrady hem begendirýär, sebäbi Derwezä gelýän turistler Akmyradyň gazanç çeşmesi. Ol bu oýa baryp görmek isleýänleri özüniň jip maşynynda äkidip getirýär.

“Derwezäniň golaýyndaky gaz oýuna ýeňil maşynlar bilen baryp bolanok, şonuň üçin, Derwezä gezelenje gelýän adamlar köplenç jip ulaglary bolan ýaşaýjylardan gaz oýuna äkitmeklerini haýyş edýärler. Bu haýyşy ýerine ýetirmek üçin, azyndan her adamdan orataça 20 manat talap ediýäris” diýip, Akmyrat gürrüň berýär.

Aşgabatdan Daşoguza barýarkaň ýoluň ugrunda, Derwezäniň hem-de onuň esasy täsinligi – ýanyp duran gaz oýunyň ýerleşýän ýerini görkezýän hiç hili belligem goýulmandyr. Bu hem Derwezäniň ýanyp duran gaz oýuny ýörite gözläp baran adam bolaýmasa, ýoldan geçip barýanlaryň ony aňsatlyk bilen tapyp bilmejegini aňladýar. Derwezäni tapmak daşary ýurtly myhmanlar üçin hasam kyn bolsa gerek.

Derwezäniň ýanyp duran gaz oýuny görmäge gezelenje gelenler üçin hiç hili amatlyklar hem döredilmändir. Daşoguz-Aşgabat ýolundan Derwezäniň ýanyp duran gaz oýuna tarap aýrylýan ýol asfaltlanmandyr.

Ýanyp duran gaz oýuny görmäge gelen 26 ýaşly Ýazmyrat hem özara söhbetdeşlikde ýol bilen bir hatarda turistler üçin ýörite kottejleriň gurulmagynyň zerurdygyny, onuň onlarça adama eklenç çeşmesini döredip biljekdigini aýdýar.

Suratlar: Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrynda ýerleşen Ymam Hoja gonamçylygynyň ýanyndaky gaz krateri

Gaz oýunyň töwereginde howpsuzlyk taýdan ýeterlik çäreleriň görlenligini hem aýtmak kyn. Meselem, alawlap ýatan oýuň töweregi boş meýdan, näçe ýakynyna barsaň hem, barma diýýän ýok, oýuň töwereginde hiç hili düşündirişdir, belligem goýulmandyr.

Ýanyp duran gaz oýunyň diametri takmynan 60 metr bolup, onuň çuňlugy 20 metr töweregidir. Ýanyp duran şol gaz oýuna meňzeş, ýenede iki sany oý bar. Olaryň daşy demir turbalardan haýatlanan. Oýlaryň biriniň düýbünde ýer astyndan çykýan gaz läbik suwda lokurdap dur. Beýleki oýda gögümtil mawy reňkli suw bar.

Suratlar: Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrynda ýerleşen Mämmetöwez işan gonamçylygynyň ýanyndaky gaz krateri

Ýurduň goşmaça girdeji çeşmesine öwrülmek potensialy bolan bu oýuň hakykatda bir säwligiň netijesinde emele gelendigini aýdyp bolar. Ýerli çeşmeleriň güwä geçmegine görä, sowet geologlarynyň 1971-nji ýylda bu ýerde geçiren buraw işlerinden soň, ýerasty boşluk opurylyp oý döreýär, şonda burawlaýjy wyşka hem beýleki enjamlary bilen ýeriň astyna gidýär.

Şol hadysadan soň, ýeriň astyndan çykyp başlan gazyň halkyň saglygyna zýyan ýetirjegi göz öňünde tutulyp, ony otlamak kararyna gelinýär, şol wagtky çaklamalara görä, geologlar gazyň çalt ýanyp gutarjagyny pikir edipdirler, emma aradan 41 ýyl geçmegine garamazdan, şol ot henizem ýanyp dur.
XS
SM
MD
LG