Sepleriň elýeterliligi

HRW Owganystanda aýallara berilýän jezalara alada bildirýär


Ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy çarşenbe güni ýaýradan hasabatynda Owganystanda aýal maşgalalara “moral jenaýatçylygy” ady bilen adalatsyz jeza bermekligiň dowam etdirilýändigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildiripdir.

Bu baradaky hasabatynda “Human Rights Watch” guramasy Owganystanda Talyban režiminiň agdarlanyna indi on ýylyň geçendigine garamazdan, aýal maşgalalaryň maşgala zorluklaryndan gaçmaklary ýa-da nikadan daşary jynsy gatnaşyk etmekleri ýaly hereketleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilmekleri ýaly praktikanyň dowam etdirilýändigini belleýär.

Bu hasabatda häzirki wagt Owganystanyň türmelerinde şular ýaly “moral jenaýatçylygy” diýlen aýyplama boýunça 400 töweregi aýal maşgalanyň tussaglykda oturandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG