Sepleriň elýeterliligi

Belarusda Brýussele barýan üç aktiwist otludan düşürildi


Çarşenbe güni Belarusyň polisiýasy Brýusseldäki duşuşyga barýan üç sany aktiwisti Minsk-Moskwa otlusyndan düşürip, olaryň ýurtdan çykmaklaryna ýol bermedi.

Belli oppozision aktiwistler Anatol Lebedska, Sergeý Kalýakin we Aleksandr Astroşçankow Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Moskwanyň üsti bilen Brýussele barmaklygy planlaşdyran ekenler.

Ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň Belarusa garşy girizen täze sanksiýalarynyň yzy bilen Belarusyň häkimiýetleri oppozisiýa wekilleriniň, ynsan hukuklaryny goraýjylaryň we žurnalistleriň Günbatara edýän saparlaryny berk çäklendirdi.
XS
SM
MD
LG