Sepleriň elýeterliligi

Gazak resmileri terror hüjümleriniň öňüniň alnandygyny aýdýarlar


Çarşenbe güni Gazagystanyň häkimiýetleri Almaty şäherinde planlaşdyrylan birnäçe terror hüjüminiň öňüniň alnandygyny we bu işlere bosgunlykdaky bankir Muhtar Ablýazowyň dahyllydygyny öňe sürdüler.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, bu hüjümi planlaşdyryjylar şu ýylyň 24-nji martynda Almaty şäheriniň parklarynda we administratiw binalarynda birnäçe partlama amala aşyrmaklygy planlaşdyrypdyrlar.

Maglumatda öňi alnan bu terror synanyşygy bilen baglanyşykly birnäçe adamyň tussag edilendigi aýdylýar. Şeýle hem, bu terror planlaryna Muhtar Ablýazowyň şahsy gorag toparynyň başlygy Aleksandr Pawlowyň ýolbaşçylyk edendigi habar berilýär.

Gazagystanyň ozalky bankiri Muhtar Ablýazow 2009-njy ýyldan bäri Günbatarda bosgunlykda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG