Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýer-ministri Erdogan Tährana sapara bardy


Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan Eýranyň paýtgaty Tährana sapara bardy. Bu saparynyň barşynda Rejep Taýýyp Erdogan Eýranyň resmileri bilen bu ýurduň dawaly ýadro programmasy hem-de Siriýadaky krizisler barada gepleşik geçirer.

Özüniň iki günlük saparynyň dowamynda Erdogan Eýranyň Baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi we prezident Mahmud Ahmedinejat dagylar bilen-de duşuşar diýlip garaşylýar.

Türkiýe şu çaka çenli Eýranyň parahatçylykly maksatlar bilen ýadro programmasyny ösdürmäge kanuny hakynyň bardygyny aýdyp, Eýranyň nebit eksportyna garşy Günbataryň girizen sanksiýalaryny goldaman gelýär.

Emma bu iki ýurt soňky wagtlar Siriýa bilen baglanyşykly meselelerde dürli pozisiýalara eýerýärler.
XS
SM
MD
LG