Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow mugt benzin bilen bagly täze permana gol çekdi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ýeňil ulaglaryň sürüjilerine çäklendirilen möçberde mugt benzin berip, ýük ulaglarynyň sürüjilerine ozalky berilýän mugt benzini ýatyrmak barada karara gol çekdi.

Bu karara görä, agramy 3.5 tonnadan we içindäki ýolagçy orny 8 adamdan geçmeýän ýeňil ulaglaryň hem-de motisiklleriň eýelerine çäklendirilen möçberde mugt benzin berilmegi dowam etdiriler.

Ýeňil ulaglara her alty aýda berilýän mugt benziniň möçberiniň 720 litrdigi, motosikller üçin berilýän benziniň möçberiniň bolsa 240 litrdigi habar berilýär.

Şeýle hem, geçirilen barlaglarda ýük maşynlaryna mugt benzin bermekde käbir galplyklara ýol berlendigininiň üstüniň açylandygy aýdylyp, indi ýük maşynlarynyň eýeleriniň benzini kommersiýa bahasyndan almaly edilendigi aýdylýar.

2008-nji ýylda kabul edilen başky karara görä, ýük maşynlarynyň eýeleriniň her alty aýda 1 müň 200 litr mugt benzin almaga haky bardy.
XS
SM
MD
LG