Sepleriň elýeterliligi

“Polimeks” Aşgabatda uly gurluşyklary amala aşyrmagy dowam etdirmekçi


Sişenbe güni Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň wekili Aşgabatda gurulmagy planlaşdyrylýan uly proýektleriň taslamasy bilen türkmen prezidentini tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, bu duşuşykda “Polimeksiň” wekili prezident G.Berdimuhamedowa paýtagtyň günortasynda guruljak täze parkyň hem-de uly memorial monumetiniň proýekti barada hasabat beripdir.

Bu gürrüňi edilýän monumentiň Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda hem-de 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda pida bolan türkmenistanlylaryň hatyrasyny ebedileşdirmeklige bagyşlanjakdygy habar berilýär.

Köp synçylar Türkmenistanda ilatyň sosial-ykdysady hajatlary bilen baglanyşykly bolmadyk gurluşyk proýektlerine örän köp döwlet pulunyň yzygiderli sarp edilýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG