Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepeli aýal: ‘Işlejege iş kän’


Aýna Gurdowa: "Hudaýyň berenine, işläp gazananyňa, halalja zähmetiňe iýip, geýip ýörseň, iş kän".
Aýna Gurdowa: "Hudaýyň berenine, işläp gazananyňa, halalja zähmetiňe iýip, geýip ýörseň, iş kän".
Dürli çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda işsizlik sebäpli işe ukyply adamlar mümkinçilik tapsa daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýä gazanç etmäge gidýärler. Olaryň arasynda aýal-gyzlaram bar.

Türk maşgalalarynda ýaşap, hojalyk işlerine kömek bermek, garrylara, syrkawlara garaşyk etmek bilen gazanç edýän türkmen aýal-gyzlarynyň köpdügini daşary ýurtlardaky türkmen zähmet migrantlary tassyklaýarlar.

Azatlyk Radiosy şu wagt daşary ýurda işe gidýän türkmenistanly gelin-gyzlar, daşary ýurda gitmegiň sebäpleri, ýurduň içindäki iş mümkinçilikleri barada gökdepeli 63 ýaşly Aýna Gurdowa bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Gelin-gyzlaryň daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine siz nähili garaýarsyňyz?

Aýna Gurdowa: Men oňa biparh garaýaryn. Öz içimizde iş kän etjege. Olar eklenjiň has aňry ýanyna geçip etjek bolýarlar. Olar özlerine laýyk haklaryna kaýyl däl. Hudaýyň berenine, işläp gazananyňa, halalja zähmetiňe iýip, geýip ýörseň, iş kän. Boldy-da! Türk diýip, Eýran diýip ýa beýle diýip, gyz-gelin hökman däl. Gitsin erkekler.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlara gidýän aýal-gyzlaryň sany azaldymy ýa artýarmy?

Aýna Gurdowa: Bilemok-da. Biziň obamyzdan gidýän ýok. Şäher tarap gidýär. Obadan gidýän ýok, onuň ýaly söwda edýänem ýok. Her kim şol tekstil bilen eklenýär. Soňam bu wagt pagta ýer alýarlar. Pagta ýerdenem şeýle bir gowy hasylam alýarlar, pulam bolýar. Kärende ýerinden 70 millionlap, 100 millionlap alýanlar, 150 million alýanlaram bar. Çagalary bilen bir hojalyk işläp gitse, gowy hak alýarlar, gowy eklenmäne ýagdaý bar-da.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň ençeme welaýatynda kärende üçin ýer almakda uly kynçylyklar bar diýýänler köp. Siziň Gökdepe etrabyňyzda islän adam ýer alyp bilýärmi?

Aýna Gurdowa: Alyp bilýär. Bar-da kolhoza haýyş et, ýer berýär. Ýeriňe seret, döküniňi dök, ekmeli wagty ek, otamaly wagty ota, bolýar hasyly. Şeýle gowy. Oňa zähmet çekmek gerek. Tehnika bilen üpjün edýärler. Sen şu wagt pagtaňy tabşyrdyňmy, eýýäm seniň hakyňy bir aýda berip durlar. Hakdan kösänok.

Azatlyk Radiosy: Köp ýerlerde mellek ýer birlenok diýýärler. Bu ýagdaý sizde nähili?

Aýna Gurdowa: Mellek ýagdaýy kyn häzir. Ýaz entek ýer açmaly, özümi jaý saljak diýýärler. Häzir mellek ýeri saklanýar.

Azatlyk Radiosy: Hökümetiň özüniň 30 ýyl möhlet bilen kredite jaý gurup bermek işi sizde başlandymy?

Aýna Gurdowa: Olam başlandy gurlup, hawwa. Salan ýerlerem bar. Gymmat görüp, kän adam oňňut edip ýör. Onsoň näme 30 ýyllyp üzmeli bolsa, garaz, işläp ýörseň ol üzüljek-dä alyp giräýseň.

Azatlyk Radiosy: Şol arzyly jaýa eýe bolan işçi-daýhanar barmy?

Aýna Gurdowa: Işçi-daýhan indi şoňa höwes edýär. Şoňa ilki arza bermeli, arzuw edýärler, entek biziň obamyzda gurlup ugranak. Ýer ölçeldi, ine, şu taýdan guruljak diýilýär. Arza berdik diýýän kän halkyň arasynda.
XS
SM
MD
LG