Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Tähranda Siriýa meselesini maslahat edýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan (çepden-saga ikinji) Eýranyň resmileri bilen gepleşik başynda. Tähran, 28-nji mart, 2012.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan (çepden-saga ikinji) Eýranyň resmileri bilen gepleşik başynda. Tähran, 28-nji mart, 2012.
Çarşenbe Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan Eýranyň paýtgaty Tährana sapara bardy.

Bu saparynyň barşynda Rejep Taýýyp Erdogan Eýranyň resmileri bilen bu ýurduň dawaly ýadro programmasy hem-de Siriýadaky krizisler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Özüniň iki günlük saparynyň dowamynda Erdogan Eýranyň Baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi we prezident Mahmud Ahmedinejat dagylar bilen-de duşuşar diýlip garaşylýar.

Türkiýe şu çaka çenli Eýranyň parahatçylykly maksatlar bilen ýadro programmasyny ösdürmäge kanuny hakynyň bardygyny aýdyp, Eýranyň nebit eksportyna garşy Günbataryň girizen sanksiýalaryny goldaman gelýär.

Siriýaly meselede garaýyşlar dürli

Beýleki tarapdan, bu iki ýurt soňky wagtlar Siriýa bilen baglanyşykly meselelerde dürli pozisiýalara eýerýärler.

Siriýada soňky bir ýyl bäri dowam edip gelýän gandöküşikleriň barşynda Eýran Siriýanyň režimini goldap gelýär. Siriýa Arap ýurtlarynyň arasynda Tähranyň iň ýakyn partnýorlarynyň biri hasaplanylýar.

Eýranyň häkimiýetlerinden tapawutlylykda, Türkiýäniň premýer-ministri Erdogan Siriýadaky konfliktleriň parahatçylykly çözülmegi üçin prezident Başar al-Assadyň haýdan-haý häkimiýetden gitmegine aýak direýär.

Eýrana saparynyň öňýany Rejep Taýýyp Erdogan Günorta Koreýada ýadro howpsuzlygyna bagyşlanyp geçirilen sammitiň çäklerinde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen-de gepleşik geçirdi.

Ýadro meselesi-de üns merkezinde

Hepdäniň çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministriniň saparyna hoşallyk bildiren Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Tähranyň ýadro programmasy barada Eýran bilen dünýäniň ösen alty döwletiniň gepleşikleriniň 13-nji aprelden başlap gaýtadan ýola goýuljakdygyny mälim etdi.

Rejep Taýýyp Erdogan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan Britaniýa, Birleşen Ştatlar, Hytaý, Orsýet we Fransiýa, şeýle hem hemişelik agzalaryň toparyna girmeýän Germaniýa bilen Eýranyň geçirjek gepleşikleriniň indiki tapgyrynyň Türkiýede geçirilmegini teklip etdi.

Tährana baran Rejep Taýýyp Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky hökümet delegasiýasy Türkiýe bilen Eýranyň käbir beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyklary barada-da gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG