Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Assadyň sözlerinden däl, hereketlerinden netije çykarar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton

Sişenbe güni BMG-niň wekiliniň parahatçylyk planyny Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň kabul edýänligi baradaky habara ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton reaksiýa bildirdi. Ol Siriýa režiminiň sözlerinden hereketleri has möhüm diýdi.

“Assadyň režiminiň Annanyň planyny kabul edýändigi barada BMG-ä hat ýollamagy ilkinji möhüm ädimdir” diýip, Klinton aýtdy. “Ýöne şu ýerde bir zady bellemeli. Assadyň sözünde durmaýandygyny göz öňünde tutup, häzirki aýdylýan sözlere gabat geler ýaly olaryň dessine ýerine ýetirilişini gazanmaly. Biz Assadyň dogruçyllygy we çynlakaýlygy barada onuň sözlerinden däl-de, hereketlerinden netije çykararys”.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annanyň kömekçileri BMG-niň ozalky Baş sekretarynyň parahatçylyk planyny Assadyň kabul edýändigi baradaky haty alandyklaryny tassykladylar. Annanyň bu planynda bidüzgünçilikleriň haýdan-haý bes edilmegine, gabalan ýerlere ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine ýol açylmagyna we hökümet bilen oppozisiýa wekilleriniň dialogyna çagyryş edilýär.

Klinton Siriýanyň oppozisiýasy barada hem bellik etmek bilen, “Siriýalylary we ähli siriýalylaryň hukuklaryny goramakdaky işlerini görkezmäge” taýýar bolmaly diýip, olara duýduryş etdi.

Siriýanyň oppozisiýa toparlary sişenbe güni Stambulda duşuşdylar. Maglumatlara görä, olar Siriýanyň Milli Geňeşini “resmi gepleşikler geçirýän organ hem-de Siriýa halkynyň resmi wekili “ hökmünde kabul edipdirler.

Birnäçe oppozisiýa wekiline salgylanyp aýdylmagyna görä, olar Siriýanyň prezidenti Assada we onuň hökümetine ynanmaýarlar we Annanyň parahatçylyk boýunça tekliplerini kabul etmek baradaky sözleriniň çynlakaý däldigini aýdýarlar.

Maglumata görä, kürt topary öz garaýyşlaryna ýeterlik üns berilmändigini aýdyp, oppozisiýanyň geçirýän konferensiýasyndan çykyp gidipdir.

9,000 adam ölüpdir

Sişenbe güni BMG Siriýada bir ýyl bäri dowam edýän gozgalaňlarda ölenleriň sanynyň 9,000-den geçendigini mälim etdi.

BMG-niň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk boýunça wekili Robert Serri

BMG-niň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk boýunça wekili Robert Serri

BMG-niň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk boýunça wekili Robert Serri Howpsuzlyk Geňeşine beren maglumatynda Siriýa hökümetiniň dissidentleri zor bilen basyp ýatyrmagynda we prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykan pitneçileriň hüjümlerinde ölenleriň sanynyň “ynamdar” hasaplara görä berlendigini aýtdy.

Serri Siriýanyň häkimiýetleriniň Annanyň parahatçylyk baradaky tekliplerini kabul edýändigi baradaky hatyň üstünde hem durup geçdi. Ol Siriýanyň resmileri bilen gepleşiklerde Annanyň parahatçylyk boýunça ylalaşygy ýerine ýetirmek meýilleriniň bardygyny açyk görkemeklerini nygtandygyny aýtdy.

Annan Siriýa hökümetiniň haýdan-haý ylalaşygy ýerine ýetirmegine çagyryş edip, prezident Assada hat ýazdy. Ol ony durmuşa geçirmekligiň diňe bu tragediýanyň jümmüşinde galan Siriýanyň halky üçin däl, eýsem region we halkara jemgyýetçiligi üçin hem möhüm boljakdygyna ünsi çekdi.

Sişenbe güni Siriýada söweşiň dowam edendigi we Siriýanyň goşunynyň Liwanyň serhedinden geçendigi aýdylýar. Liwanly käbir şaýatlar Liwanyň serhedinde ýerleşýän Kaa şäherinde ýüz beren söweşde gaçyp barýan oppozisiýa güýçlerini yzarlap, Siriýanyň esgerleriniň serhetden aşandyklaryny aýdýarlar.

Liwanyň howpsuzlyk resmileri Siriýanyň goşunynyň serhetden aşandyklary baradaky maglumaty ret etdiler, ýöne serhetýaka regionyndaky söweşde atylan oklaryň Liwanyň territoriýasyna düşendigini tassykladylar.
XS
SM
MD
LG