Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dini azatlyklar: Türkmenistan alada döredijileriň arasynda


Gozman: "Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren käbir wadalaryna garamazdan, Türkmenistandaky ýagdaýlar esasan üýtgemän gelýär".
Gozman: "Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren käbir wadalaryna garamazdan, Türkmenistandaky ýagdaýlar esasan üýtgemän gelýär".
Amerikanyň Halkara dini azatlyklar boýunça komissiýasy geçen hepde öz ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Hasabatda dini azatlyklary çäklendirýän “aýratyn alada dörediji” ýurtlaryň sanawy getirilip, oňa Türkmenistan hem goşuldy.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Birleşen Ştatlaryň Halkara dini azatlyklar boýunça komissiýasynyň uly ylmy işgäri Ketrin Gozman bilen söhbetdeş bolup, hasabatda Türkmenistanyň orny, şeýle-de ýurtda dini azatlyklaryň ýagdaýy barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Ketrin, hasabatda Türkmenistandaky dini ýagdaýlar nähili beýan edildi? Bu ugurda geçen ýyllar bilen deňeşdirilende özgerişlikler barmy?

Ketrin Gozman: Gynansak-da, bu ugurda özgerişlikler az boldy. Sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren käbir wadalaryna garamazdan, Türkmenistandaky ýagdaýlar esasan üýtgemän gelýär. Mysal üçin, olar ýurtdaky Dini ynançlar baradaky bar bolan repressiw kanuny üýtgetmäge söz beripdiler.

Türkmenistanyň Dini ynançlar boýunça kanunyny öwrenen ekspertiň hasabatyndan çen tutulsa, onda bu kanunda getirilen maddalar ýurduň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna garşy gelýär. Bularyň iň esasysy-da, ýurtda hasaba alynmadyk dini toparlaryň bikanun diýlip hasap edilmegidir. Ýagny, haýsydyr bir dini topar ýurduň bellän şertlerine laýyk gelmese, onda ol bikanun diýlip hasaplanylýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň Dini ynançlar boýunça kanunynyň repressiwdigini belläp geçdiňiz. Şeýle-de dini toparlaryň hasaba alynmagy boýunça bar bolan kynçylyklary aýtdyňyz. Mundan başga-da kynçylyklar barmy?

Ketrin Gozman: Türkmenistanda beýleki bir iň ýiti meseleleriň biri-de – dini materiallaryň berk gözegçilikde saklanmagydyr. Muňa-da, esasan, dini edebiýat, audio we wideoýazgylar girýär. Munuň yslam, katolik, protestant ýa-da başga bir dini topar bolsun, hiç parhy ýok, ol materiallaryň ählisi ýurduň Dini geňeşi tarapyndan gözden geçirilip, makullanmaly.

Ilatynyň aglabasy musulman bolan döwletleriň hökümetleri yslama öz häkimligine garşy bäsdeş ýa-da syýasy güýç hökmünde garaýarlar.
Bu geňeşiň düzümine bolsa iki sany dini akymyň wekilleri girýär. Bularyň biri sünni musulmanlary, beýlekisi bolsa prawoslaw hristianlarydyr. Şonuň üçin Türkmenistana gelýän we ýurduň içinde çap edilýän islendik dini maglumatlara berk gözegçilik bar.

Biz Türkmenistandaky dini azlyklar barada gürrüň edenimizde ýene bir zady aýtmaly: meniň pikirimçe, ol toparlar bilen deňeşdirilende, ýurtda agdyklyk edýän musulmanlaryň has köp kynçylyklary bar. Käbir ýagdaýlarda bu göze ilmeýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň, ýagny ilatynyň aglabasy musulman bolan döwletleriň hökümetleri yslama öz häkimligine garşy bäsdeş ýa-da syýasy güýç hökmünde garaýarlar. Şol sebäpli-de bu ýurtlarda yslam köpçüligine garşy berk gözegçilik syýasaty alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýurtlar barada anygrak durup geçseňiz.

Ketrin Gozman: Men bu mesele boýunça eýýäm sekiz ýyl töweregi iş alyp barýan. Gynansam-da, soňky ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Azerbaýjanda din meselesi boýunça uly bir yza gaýtmanyň bolandygy göze ilýär. Şol döwletler dine gözegçilik etmek derejesi boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýagdaýyna golaýladylar.

Özbegistan barada aýdylanda, biz ol ýerde ýüzlerçe adamyň, esasan hem musulmanlaryň tussaglykda saklanýandygyny bilýäris. Olar aglaba “dini esktremizm” diýilýän aýyplama boýunça türmä basyldylar. Bu adamlaryň etmişiniň derejesini ýa-da asyl günäsiniň näme bolandygyny bilmek mümkin däl.

Türkmenistan barada aýdylanda, onuň iň esasy aladasy bu ýurduň içine islendik bir informasiýanyň girmeginiň öňüni almak, şeýle-de maglumatlaryň ýurdun daşyna çykmagyny böwetlemekdir. Şol sebäpli-de häzir Türkmenistanda dini ynanjy bilen baglanyşykly näçe adamyň turmede oturandygyny anyk aýdyp bolanok. Ýöne beýle diýildigi adamlaryň dini ynanjy üçin türmä basylmaýandygyny aňlatmaýar.

Azatlyk Radiosy: Ketrin, siz hasabatyňyzda Türkmenistanda bar bolan problemalary göz öňünde tutup, Amerikanyň Döwlet departamentinden türkmen hökümetini “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde ykrar etmegi soraýarsyňyz. Hasabatyňyzdan mälim bolşuna görä, siz bu talap boýunça 2000-nji ýyldan bäri ýüz tutup gelýäňiz. Eger-de Türkmenistan bu hatara goşulsa, näme üýtgär?

Ketrin Gozman: Hawa, bir döwletiň “aýratyn alada döredýän ýurt” diýlip ykrar edilmegi üçin, muňa başda bir topar tarapyndan rekomendasiýa berilmeli, şondan soň bu teklibi Döwlet sekretary tassyklamaly. Netijede soňra iki ýurduň özara gatnaşyklaryna uly täsir edýär.

Onuň netijesinde şol ýurda garşy diplomatik protest yglan edilip, hatda belli bir sanksiýalar, şol sanda berilýän kömegi çäklendirmek, wiza gadagançylygy, bank hasaplaryny doňdurmak ýaly çäreler hem girizilip bilinýär. Şunlukda Döwlet departamenti “aýratyn alada döredýän ýurda” garşy nähili çäreleleriň görüljekdigini kesgitlemeleri bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz hasabatyňyzda Türkmenistanda prezidentiň şahsyýet kulty barada belläp geçýäňiz. Bu barada anygrak gürrüň berseňiz?

Häzir öňki şahsyýet kultunyň täze biri bilen çalşyrylyp başlanandygynyň alamatlary bar.
Ketrin Gozman: Prezident Nyýazowyň “Ruhanama” kitabynyň üsti bilen özüne şahsyýet kultuny döredendigi baradaky fakt juda wajypdyr. “Ruhnama” ençeme dillerde çap edilip, bu zor bilen, okuw prosesinden başga ýerlerde-de okadylýardy. Bu bolsa ýurduň diňe bir syýasy durmuşyna däl, eýsem dini ýagdaýyna-da täsirini ýetriýär. Ilki başlarda bu tendensiýa Berdimuhamedow tarapyndan gowşadyldy. Ýöne, gynansam-da, häzir öňki şahsyýet kultunyň täze biri bilen çalşyrylyp başlanandygynyň alamatlary bar. Mysal üçin, halkara zenanlar gününde, güller sergisinde, belli bir sebäp bolmazdan, Berdimuhamedowyň heýkeli ýerleşdirildi.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça iki günlük diňlenişik geçirildi. Diňlenişigiň dowamynda türkmen delegasiýasy ýurtda adam hukuklarynyň bozulýandygy, şol sanda dini azatlyklaryň çäklendirilýändigi baradaky maglumatlaryň tas ählisini diýen ýaly ret etdi. Sizde bu diňlenişik nähili täsir galdyrdy?

Türkmenistanda maglumatlaryň ähli görnüşi diýen ýaly petiklenen. Ýurduň içinde bolup geçýän zatlary inkär etmek hem bu petiklemäniň bir görnüşi.
Ketrin Gozman: Bir tarapdan, türkmen hökümetiniň öz taryhynda ilkinji gezek resmi hasabat bermegi gowy zat boldy. Iň bolmanda, Türkmenistan adam hukuklary meseleleri boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen iş salşyp başlady. Ýöne, gynansam-da, bu diňlenişigiň dowamynda-da türkmen hökümeti özüniň gepleşikeri geçirmek boýunça adaty bir ýoly bilen gitdi. Ýagny, ol bar diýilýän kynçylyklaryň ählisini çürt-kesik ret etdi. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanyň özüne saýlap alan bir syýasy ýol-ýörelgesi bolmaly. Men ýaňy hem belläp geçdim: Türkmenistanda maglumatlaryň ähli görnüşi diýen ýaly petiklenen. Ýurduň içinde bolup geçýän zatlary inkär etmek hem bu petiklemäniň bir görnüşi.
XS
SM
MD
LG