Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaguma syýahat: Uçarsyz Aeroport obasy


Çölüň ortasyndaky bu obanyň ýaşaýjylary dünýä wakalaryndan üzňe däl. Olaryň birnäçesiniň öýlerinde çanak antennalary hem bar.
Çölüň ortasyndaky bu obanyň ýaşaýjylary dünýä wakalaryndan üzňe däl. Olaryň birnäçesiniň öýlerinde çanak antennalary hem bar.
Bu obanyň ady Aeroport, ýöne töwerekde uçar ýok, hatda obada uçaryň sesem eşidilenok. Emma, aýdylyşyna görä, bir mahallar bu ýerde kiçiräk aerodrom ýerleşipdir.

Oba dünýäniň iň uly ýerasty baýlyklarynyň gapdalynda ýerleşýär, ýöne ýangyç gara bazarda satylýar ýa uzaklardan ballonlarda eltilýär. Ilat sanam takyk däl, emma obada 350 töweregi hojalygyň ýaşaýanlygy çak edilýär. Bu Merkezi Aziýanyň iň uly çölleriniň biri bolan Garagumyň ortasynda ýerleşýän Aeroport obasynyň käbir aýratynlyklary.

Obanyň ýaşaýjysy, 52 ýaşly Baýram aganyň aýtmagyna görä, obada agyz suwy ýetmezçilik edýär.

“Suwy ondan-mundan özüň getirinmeli. Ýagyş düşse kakdan almaly. Krant ýok. Kakyň suwy ýa-da Ýerbent bar, ondan alnyp gelinýär. Şol ýere krant gelen-dä” diýip, Aeroport obasynyň ýaşaýjysy Baýram aga Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Baýram aganyň aýtmagyna görä, obalylar suwy umuman 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ýerbent obasyndan getirýärler, Aşgabatdan 150 kilometrlikde ýerleşýän Ýerbent obasyna bolsa Garagum kanalynyň suwy çekilipdir.

“Emma suwuň bahasam altyna deň” diýip, Baýram aga aýdýar. “Suwy onsoň näme şol puljagazyňy berip getirmeli-dä. 60-80 müň (denominirlenen pulda 12-16 manat) manatdan urýalar-da tonnasyna”.

Getirilen suw howuzlarda, suw gaplarynda saklanýar. Bu suw diňe içmäge däl, eýsem ýuwunmak, duş almak we mallary suwa ýakmak üçin hem ullanylýar. Getirilýän suw hojalyk hajatlary üçin ýeterlik bolmansoň, töwerekde guýam gazylypdyr.

“Guýy bar, hol ilerde. Ýöne, ajyrak-da. Mala ýetsinmi. Ýetmeýä-dä adama. Ýüzi azajyk süýji suwy bar, aşagam ajy-da. Çuňrak gazdygyňça asla ajy bolýar” diýip, Baýram aga aýdýar.

Suratlar: Aeroport obasy

Garagumda tomus aýlarynda howanyň gyzgynlygy 50 gradusa çykýar. Bu ýagdaý hem esasy eklenç çesmesi maldarçylyk bolan aeroportlylaryň kynçylyklaryny hasam artdyrýar. Onuň üstesine şu ýyl gyşyň hem aşa sowuk bolmagy maldarçylyga-da uly zarba urupdyr.

“Gyrlyp ýatyr diýýär çopanlaram. Nähili bojagy belli däl. Bolýanja guzularam ölüp ýatyr. Çygly sowuk howa boldy-da, otam ýok. Garaz, kyn-da. Gün çykyp ýylysyny berenok-da” diýip, Baýram aga zeýrenýär.

Suw üpjünçiligi bilen bolşy ýaly, obada öýlere gaz hem çekilmändir, ilat öz ulanjak gazyny beýleki etraplardan ballonlarda getirinip güzeran aýlaýar. Suw we gaz bilen bir hatarda obada benzin gytçylygynyň hem ýiti duýulýanlygyny aýdýarlar.

“Obada benzin satylýan punkutlar bolmansoň, bu töwereklerde benzini spekulýantlar kanistraly satýarlar. 95-lik benziniň 1 litriniň bahasy hökümete degişli benzin guýulýan stansiýalarda 62 teňňe bolsa, hususy “benzin guýulýan stansiýalarda” 1 manat 42 teňňä durýar” diýip, Aeroport obasynyň başga bir ýaşaýjysy aýtdy.

Aeroport obasynda däl, Aşgabat-Daşoguz ýolunyň Ýerbentden ta Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyna çenli aralykda hem benzin guýulýan stansiýalar göze ilmeýär. Baýram aganyň aýtmagyna görä, bu benzin gytçylygy hem maldarçylyga ýaramaz täsirini ýetirýär.

“Ot az bolsa, mallary obadan 80-100 kilometrlik uzaklyga äkitmeli bolýar. Onsoň çopanlaryň yzyndan olaryň iýjek-içjeklerini äkitmek üçin benzinem gerek-dä” diýip, Baýram aga aýdýar.

Obada keselhana ýok. Garagumuň ortasynda ýerleşýän bu obanyň töwereginde hem zerur serişdeler bilen doly üpjün edilen keselhana bolmansoň, agyr keselleri uly şäherlere äkitmeli bolýarlar. Uly şäherler bilen Aeroportuň arasy bolsa ýüzlerçe kilometr.

Oba ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, ýolagçy awtoulaglarynyň wagtly-wagtynda gatnamazlygy we benziniň gytlyk edýän häzirki pursatynda saglyk merkezleriniň bolmazlygy olaryň problemasyny hasam artdyrýar.

Emma, bu ähli kynçylyklara garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aeroportlulardan obany terk etjekdigini aýdanyna duş gelmedim.

Obadaky ýaşaýyş jaýlarynyň aglaba köpüsi “gara öýlerden” ybarat bolan aeroportlular, oba arçynynyň beren wadasy berjay edilse, bu ýerde ýagdaýyň birneme gowulaşjagyna umyt edýärler.

“2015-nji ýyla çenli hemme zat gurulmaly diýip aýtdy. Bir keselhana, çaga dogrulýan öý salynmaly diýdi. Geçen ýyl ol baş plana salyndy oglanlar diýip, ýygnak etdiler” diýip, Baýram aga oba arçyny bilen ýakynda geçirilen söhbetdeşlik barada gürrüň berdi.

Emma çölüň ortasynda ýerleşýän bu obanyň ýaşaýjylary dünýä wakalaryndan üzňe däl. Olaryň birnäçesiniň öýlerinde çanak antennalary hem bar.
XS
SM
MD
LG