Sepleriň elýeterliligi

Astana terror hüjümleriniň öňüniň alnandygyny aýdýar


Muhtar Ablýazow howpsuzlyk meseleleri sebäpli Gazagystany terk etmäge mejbur bolansoň, Britaniýany mekan tutunypdy.

Muhtar Ablýazow howpsuzlyk meseleleri sebäpli Gazagystany terk etmäge mejbur bolansoň, Britaniýany mekan tutunypdy.

28-nji martda Gazagystanyň Baş prokuraturasy Almaty şäherinde amala aşyryljak bolan terrorçylykly hüjümleriň öňüniň alnandygyny habar berdi.

Gazak resmileriniň beýanatynda aýdylmagyna görä, 24-nji martda Almatynyň birnäçe parkynda we administratiw binalarynda amala aşyrylmagy planlaşdyrylan terrorçylyk hüjümleri 2009-njy ýyldan bäri Britaniýada gizlenip ýören gazak raýaty Aleksandr Pawlow tarapyndan gurnalypdyr.

Prokuraturanyň berýän maglumatlarynda 1975-nji ýylda doglan Pawlowyň oppozisiýa geçen gazak bankiri Muhtar Ablýazowyň janpenalaryna 2005-nji ýylda ýolbaşçylyk edenligi aýdylýar.

“Aleksandr Pawlow, “Alga”, ýagny “Öňe” atly oppozision partiýanyň ýolbaşçylarynyň biri Muratbek Ketebaýew bilen bilelikde 2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Almatyda birnäçe terrorçylykly hüjümi amala aşyrmaklygy planlaşdyrýardylar” diýlip, prokuraturanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu hüjümeri gurnamak üçin Pawlow öz ýardamçylaryna 25 müň amerikan dollaryny tölemegi wada beripdir. Resmi Astana ol pullardan bu hüjümi planlaşdyranlara 15 müň dollarynyň tölenendigini, galan 10 müňüniň bolsa terrorçylyk amala aşyrylansoň tölener diýlip, wada berlendigini aýdýar.

Bu waka bilen bagly birnäçe adamyň tussag edilendigi, olaryň öz günälerini boýun alandygy habar berildi.

Emma gazagstanly syýasaty öwreniji, öňki diplomat “Merkezi Aziýanyň geosyýasaty” atly kitabyň awtory Rasul Jumaly Gazagystanda soňky döwürde ýüze çykýan wakalaryň, häkimiýet başyndakylaryň dörän kynçylyklary çözmän, olary başga birine ýapmaga synanyşýandygyna şaýatlyk edýändigini öňe sürýär.

Türkmenistan bilen deňeşdirilýär

Rasul Jumaly geçen ýyl Gazagystanda amala aşyrylan birnäçe terror hüjümleriniň, dekabr aýynda Žanaözende bolan wakanyň ýüze çykmagynda häkimiýet başyndakylaryň oppozisiýany aýyplamaga synaynşýandygyny nygtaýar. Ol Gazagystandaky bu wakalary 2002-nji ýylda Türkmenistanda bolan wakalar bilen deňeşdirýär.

“Men, deňeşdirmek islemesem-de, 2002-nji ýylda Türkmenistanda bolan waka ýadyma düşýar. Şonda Nyýazowyň maşyny oka tutuldy diýlipdi. Soňra garaşsyz çeşmeleriň köpüsi tarapyndan bu wakanyň sahnalaşdyrylandygy aýdylan bolsa-da, türkmen režimi bu wakadan peýdalanyp, tutuş oppozisiýany ýok etdi. Häkimiýetler oppozision liderleri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdiler” diýip, öňki gazak diplomaty Jumaly aýdýar.

Syýasaty öwreniji Gazagystanda häzirki bolup geçýän wakalaryň-da oppozisiýa garşy gönükdürilen bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

“Alga” partiýasy häkimiýetler tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalary ret edip, bu aýyplamanyň Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti tarapyndan öz partiýalaryny dargatmak maksady bilen toslanandygyny aýdýar. Bu partiýa Nazarbaýewiň režimini berk tankyt edýän oppozision partiýa saýylýar.

Ýedi ýyl mundan ozal gazak häkimiýetleri “Alga” partiýasyny hasaba almakdan ýüz öwrüpdiler. Şol sebäpli “Alga” şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen parlament saýlawlaryna gatnaşyp bilmedi. Bu saýlawlarda bolsa, resmileriň beren maglumatlaryna görä, sesleriň 80%-i ýurdy dollandyrýan “Nur Otan” partiýasyna berlipdir.

“Alga” partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow ýanwar aýynda Žanaözen şäherine baryp gaýdansoň häkimiýetler tarapyndan tussag edildi. Žanaözen şäherinde geçen ýylyň dekabr aýynda polisiýanyň protestçileri oka tutmagy sebäpli, resmileriň maglumatyna görä, 16 adam heläk bolupdy.

Wladimir Kozlow bolsa “sosial bulagaýçylyga meçew bermekde” aýyplandy.

Muhtar Ablýazow

Oppozisiýadaky “Alga” partiýasy “Gazagystanyň demokratik seçimi” atly hereketiň esasynda döredildi. Bu hereket bolsa 2001-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň düýbüni tutujylaryň biri hem oppozisioner, bosgunlykda ýaşaýan bankir Muhtar Ablýazowdyr.

Gazagystanyň söwda ministri wezipesini eýelän Ablýazow wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 2002-nji ýylda 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol 10 aý türme tussaglygyndan soň, 2003-nji ýylda syýasat bilen meşgullanmazlyk şerti bilen azatlyga göýberildi.

2003-nji ýylda Muhtar Ablýazow Moskwa göçüp, telekeçilik bilen meşgullandy. 2005-nji ýylda bolsa Almatyda BTA bankynyň düýbüni tutdy. Ýöne 2009-njy ýylda gazak häkimiýetleri BTA bankynda maliýe jenaýatçylyklaryň amala aşyrylýandygyny aýdyp, derňew geçirip başladylar. Şonda BTA banky Ablýazowyň elinden alnyp, hökümetiň garamagyna geçirildi.

Muhtar Ablýazow howpsuzlyk meseleleri sebäpli Gazagystany terk etmäge mejbur bolansoň, Britaniýany mekan tutundy. Emma Britaniýada hem Ablýazowyň maliýe jenaýatçylygyna dahylly işler bilen bagly derňew geçirip başlandy. Netijede Londonyň sudy Ablýazowy sudy äsgermezlik edenligi üçin 22 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Gazagystanly bankir Muhtar Ablýazow türmä düşmejek bolup, Britaniýany terk etdi.

Häzir onuň nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG