Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň polisiýa bölümlerinde ýene dört ofiser tussag edildi


Penşenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň Kemerowo oblastynda dört sany polisiýa ofiseriniň adam ölümine getiren wakalar bilen baglanyşykly tussag edilendiklerini habar berdiler.

Maglumatda bu polisiýa ofiserleriniň jenaýatda güman edilýän bir raýaty gynamakda we onuň ölümine sebäp bolanlykda aýyplanýandyklary aýdylýar.

Bu tussag edişlikden bir gün öň Orsýetiň şu Kemerowo oblastynda başga-da bir tussagyň ölüminde aýyplanyp, iki sany ozalky polisiýa ofiseri tussag astyna alnypdy.

Soňky günler Orsýetde polisiýanyň zorlukly çäreleri bilen baglanyşykly tankytlar giň jemgyýetçilik häsiýete eýe boldy.
XS
SM
MD
LG