Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýanyň goranmak ministri S.Tolgfors wezipesinden çekildi


Penşenbe güni Şwesiýanyň goranmak ministri Sten Tolgfors Saud Arabystanynda ýarag zawodyny gurmaklyk bilen baglanyşykly işlere Şwesiýanyň gatnaşmak planlary bilen bagly dörän dawalar sebäpli öz wezipesinden çekildi.

Bu baradaky dawalar ýakynda Şwesiýanyň bir radiostansiýasynda bu ýurduň harby agentlikleriniň Saud Arabystanynda täze bir ýarag zawodyny gurmak işlerine gatnaşmak barada gepleşik alyp barýandyklary hakynda efire berlen maglumat sebäp boldy.

Şwesiýanyň radiosy bu baradaky maglumatyň bir ele salnan gizlin dokumentiň üsti bilen mälim bolandygyny aýdýar. Bu maglumatyň yzy bilen Şwesiýanyň Goranmak ministrligi jemgyýetçiligiň ýiti tankytlarynyň nyşanasyna öwrüldi.
XS
SM
MD
LG