Sepleriň elýeterliligi

Baku Ysraýylyň harby uçarlaryna baza berilýändigini ret edýär


Penşenbe güni Azerbaýjanyň hökümeti bu ýurduň öz harby bazalaryny Ysraýylyň howa güýçleriniň ulanmagyna berendigi barada ABŞ-nyň “Foreign Policy” žurnalynda çap edilen maglumaty ret etdi.

Bu žurnalda Birleşen Ştatlaryň ady agzalmadyk bir hökümet çeşmesine salgylanyp çap edilen makalada Azerbeýjanyň öz Eýran bilen serhetlerine golaý ýerdäki harby bazalaryny Ysraýylyň söweş uçarlarynyň ulanmaklaryna berilýändigi aýdylýar.

Azerbaýjanyň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Ali Hasanow käbir daşarky güýçleriň Azerbaýjan bilen Eýranyň gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny nygtamak bilen, bu žurnaldaky maglumatlary hakykata laýyk gelmeýän maglumat hökmünde ret etdi.
XS
SM
MD
LG