Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Parlamenti Belarusdaky dünýä ýaryşyny ýatyrmak isleýär


Penşenbe güni Ýewropa Parlamenti Halkara Hokkeý Federasiýasyny Belarusda 2014-nji ýylda geçirilmegi planlaşdyrylýan dünýä ýaryşyny ýatyrmaklyga çagyrýan rezolýusiýa kabul etdi.

Ýewropa Parlamenti prezident Aleksandr Lukaşenkonyň režiminiň mundan beýlägem türmelerdäki syýasy tussaglary azatlyga goýbermekden ýüz öwürmegini dowam etdiren halatynda, bu ýurtda geçirilmegi planlaşdyrylýan hokkeý boýunça dünýä ýaryşyny ýatyrmak arkaly, Lukaşenkonyň režimine “temmi” bermeklige çagyryş etdi.

Kabul edilen rezolýusiýada Minskiň metrosynda partlama amala aşyrmakda güman bildirilýän iki raýata berlen ölüm jezasy-da agzalyp, Belarusyň häkimiýetleriniň ýurtda ölüm jezasyny ýatyrmaklaryna-da çagyryş edilýär.
XS
SM
MD
LG