Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Hudožnikler Birleşiginiň başlygy täzelendi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň çeper sergiler boýunça uprawleniýesiniň zalynda ýurduň Hudožnikler Birleşiginiň maslahaty geçdi.

Onda Hudožnikler Birleşiginiň alyp barýan işleriniň jemleri jemlenip, geljekki perspektiw planlar maslahat edildi.

Şu maslahatyň çäklerinde-de Hudožnikler Birleşiginiň agzalary Birleşigiň täze başlygyny saýladylar. Bu wezipä Saparmämmet Meredow saýlandy.

Bu Birleşige indi 20 ýyla golaý wagt bäri ýolbaşçylyk edip gelen Babasary Annamyradowyň nähili sebäbe görä bu wezipeden boşadylandygy we onuň nähili wezipä geçirilendigi barada resmi habar çeşmelerinde maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG