Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan türkmen gazyna mätäç


Täjigistanyň Şahrinaw etrabyndaky gaz ýatagynda, 2010-nji ýyl.

Täjigistanyň Şahrinaw etrabyndaky gaz ýatagynda, 2010-nji ýyl.

Ýakynda Özbegistanyň “Uztransgaz” döwlet kompaniýasy 1-nji aprelden başlap Täjigistana akdyrylýan gazyň bes ediljekdigini habar berdi. Şol sebäpli Täjigistanyň häkimiýetleri gaz ýetmezçiliginiň öňüni almak maksady bilen türkmen gazyny satyn almak babatda gepleşik geçirýärler.

“Tajiktransgaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Saidahmad Şarofiddinow Azatlyk Radiosynyň Tajik gullugyna beren interwýusynda özbek tarapynyň, Hytaý bilen baglaşan ylalaşyklarynda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, täjik tarapyna gazy satyp bilmeýändigini aýtdy.

Täjigistan üçin ýeke-täk gaz çeşmesi bolan Özbegistandan gelýän tebigy gazyň kesilmegi sebäpli, täjik tarapy häzir Türkmenistandan gaz satyn almak babatda gepleşik geçirýär.

“Tajiktransgaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Saidahmad Şarofiddinowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmen tarapy bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen gazyny satyn almak babatda ylalaşyga gelnipdir. “Ýöne ilki özbek territoriýasynyň üsti bilen türkmen gazynyň tranziti meselesini çözmek zerur” diýip, Şarofiddinow aýdýar.

Özbegistanyň “Uztransgaz” döwlet kompaniýasy bolsa Täjigistana gazyň satylmagynyň bes edilmegi bilen bagly ýaýradan beýanatynda “Özbek tarapy Täjigistana diňe 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde 45 mln. kubometr gaz satmaga borçlanypdy” diýip görkezdi.

“Bu mesele barada gol çekilen ylalaşygyň şertleri “Uztransgaz” kompaniýasy tarapyndan doly ýerine ýetirildi” diýlip, Özbegistanyň “Uztransgaz” döwlet kompaniýasynyň beýanatynda nygtalýar.

“Reuters” habar gullugynyň bu mesele bilen bagly ýaýradan maglumatynda adynyň agzalmagyny islemedik türkmen resmisiniň sözleri sitata getirilýär. Ol: “Türkmenistan islendik müşderisine diňe öz serhedinde gaz satmaga taýýar, ýöne tranzit meselesini satyn alyjynyň özi çözmeli bolar”diýýär.

Ykdysady ýagdaýy agyr

Täjigistan öňki sowet giňişligine giren 15 respublikanyň arasynda ykdysady ýagdaýy iň ýaramazy bolup, ol ýerde gaz ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar öňden bäri dowam edip gelýär. Bu ýurtda diňe paýtagt Duşenbede ýaşaýan adamlaryň öýleri gaz bilen ýyladylýar.

Gaz ýetmezçiligi Täjigistanyň umumy eksportynyň 50%-den gowragyny tutýan döwlete degişli alýuminiý zawodunyň işine ýaramaz täsirini ýetirip biler diýip, “Reuters” belleýär. Bu bolsa ýurduň onsuz hem agyr maliýe ýagdaýyny has hem ýaramazlaşdyryp biler.

Özbegistan bilen Täjigistanyň gatnaşyklarynda suw meselesi bilen bagly emele gelen dartgynlylyk soňky döwür has hem ýitileşdi. Muňa Täjigistanda 1970-nji ýyllarda planlaşdyrylan “Rogun” gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy sebäp boldy.

Resmi Daşkent Täjigistanda “Rogun” GES-niň gurluşygy özbekleriň ekerançylyk ýerlerini suwsuz galdyrar diýip, alada galýar. Täjik tarapy bolsa, energiýa ýetmezçiliginden kösenýändigini aýdyp, “Rogun” GES-niň gurluşygynyň täjik halky üçin juda möhümdigini öňe sürýär.

Täjik synçylary özbek gazynyň Täjigistana satylmagynyň bes edilmeginiň aňyrsynda syýasy basyşyň ýatandygyny aýdýarlar. Özbek tarapy bolsa, bu meseläniň diňe ykdysady bähbitler bilen baglydygyny aýdyp, muňa syýasatyň hiç hili dahylynyň ýokdugyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG