Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhan haklary nähili bozulýar we nädip goralyp biler?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanyň halyny soraýar. 2010-njy ýyl.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanyň halyny soraýar. 2010-njy ýyl.

Halkara adam hukuklary guramalary Türkmenistany ýylyň-ýylyna adamlaryň syýasy, ykdysady, medeni hukuklaryny bozmakda aýyplaýar. Eýsem Türkmenistanda adam hukuklary esasan haýsy ugurlarda köp bozulýar? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban şu we beýleki soraglar bilen tejenli agranom Akmyrat Ataýewe ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Siz ýurtda ýaşap, görüp ýören raýat hökmünde aýtsaňyz, Türkmenistanda adam hukuklary esasan haýsy ugurlarda köp bozulýar? Syýasy, medeni ugurlardamy ýa ykdysady ugurda?

Akmyrat Ataýew: Näme, bulary syýasy, ykdysady ýa medeni ugur diýip bölüp oturasy iş ýok, [hukuk] hemmesinde-de bozulýar bozulmasyna. Ýöne adam üçin iň möhüm ugur ykdysady ugur, ol eklenç, girdeji gazanmaly. Biziň esasy uly aladamyz şol maşgala eklemek, ykdysady ugur bolýar. Biz üçin iň zerury we kösençlisi şol.

Azatlyk Radiosy: Bu kösençlik barada anyk mysallary getirip biljekmi?

Akmyrat Ataýew: Hawa, bu mysallary öňem bilmän duran dälsiňiz. Men 2004-2008-nji ýyllarda Ruhabadyň Gypjak daýhan birleşiginde, Gäwers düzlüginde ekin ekdim. Şonda ähli zatlary başdan geçirdim, hukuk kemsitmeleriniň ähli formasyny gördüm. Oba hojalygy bir kyn mesele, munda ýylyň ahyryna çenli seniň meseläň, ýaňky girdejiň belli bolmaýar. Sen mydama ýolbaşça bagly bolup durýarsyň. Şol islendik, her bir agrotehniki çäräni geçirjek bolaňda-da, şol ýolbaşçylaryň göwnüni tapmasaň, ýol ýok. Sebäbi ähli tehnika, dökün, suw, umuman oba hojalygynda, ekerançylykda şony [ekini] ösdürip ýetişdirmek üçin ähli zerur zatlar şolaryň ygtyýarynda, elinde. Şonuň üçin her bir ädimde şolaryň öňünde kemsinip ýörmeli-dä sen, şony ýalbarmaly, ýakarmaly, gerek bolsa para-peşgeş bermeli.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyzdan, daýhanlaryň hukuk bozulmalary köplenç ýolbaşçylara baglylykdan gaýdýar. Bu pikiriňizi has anyklaşdyryp bilmezmisiňiz?

Kärendä berijiler hiç hili zada borçlanmaýarlar, kärendeçiler bolsa ähli kemçilikleri, kynçylyklary öz üstüne almaly.
Akmyrat Ataýew: Näme, oba hojalykçylar esasan ýolbaşçylara garaşly bolup durýar, şolaryň üpjünçiliginde sen, hemme tehnika, dökün, tohum ýaly zatlar şolara bagly. Seniň hak-hukugyň şol ugurda kemsidilýär. Sebäbi, ilki bilen-ä ynha Ruhabatda, ýene gaýtalamaly boljak, şol kärendeçiler bilen şertnama baglaşylmaýar. Eger baglaşylaýan halatynda-da, kärendä berijiler hiç hili zada borçlanmaýarlar, kärendeçiler bolsa ähli kemçilikleri, kynçylyklary öz üstüne almaly, hawa, ýolbaşçynyň üpjün edip bilmänligi üçin [daýhanyň] hiç hili hak-hukugam ýok, [ol] goralanogam, aslynda arza-şikaýatyň hiç ýerde diňlenenogam.

Ýogsa oba hojalyk ýylynyň başyndan, aýdaly, pagtany oktýabr aýyndanmy, dänäni sentýabr aýyndanmy, eliňe bir gowy kämilleşdirilen şertnama berilse, şol esasda-da alnyp gidilse, belli bir derejede seniň hak-hukugyňy gorabam boljak. Emma saňa kagyzam görkezenoklar, şertnama-da görkezenoklar. Bolaýanda-da ol bir kärendeçiniň zyýanyna bolmagy mümkin. Men-ä okabam göremok şu ýaşyma, ynha dört ýyl özüm işledim, 2004-2008-nji ýyllar aralygynda, Ruhabat, Nyýazow [adyndaky] daýhan birleşiginde, ýekeje şertnama görmedik. Soň oglum ýene Gökje daýhan birleşigine degişli ýerde iki ýyl işledi, Soltanbişde, ýekeje şu wagta çenli şertnama görmedik. Indi hak-hukugymy soraýyn diýip, hak-hukugyňy goraýan edaralaryň islendigine barsaň, seniň şol şertnamaň ýok bolsa, seni diňleýän ýok.

Azatlyk Radiosy: Raýatlar hukuk bozulmalaryny nähili kabul edýär?

Akmyrat Ataýew: Hawa, bu adamlar näme, hukuk bozulma diýilýän bu günki dörän zat däl, ol sowet zamanasyndan hem gelýän zat, oňa ram edipdir adamlar. Ýöne şeýle-de bolsa, soňky birki ýylyň içinde şol hak-hukugyňy goramagyň özüňe degişlidigine, şol ugurdan özüň hereket etmeseň bolmajakdygyna indi göz ýetirip ugranlar bar. Ynha, öz obamyzdan mysal getirsek, soňky birki ýylyň içinde üç-dört sany bolup toparlanyşyp ýa on-on bäş bolup, häkimlige ýa prokuratura barmaly, gatnap ýörenler köpeldi soňky döwrüde, birki ýylda.

Esasanam ynha şu ýylky pagtanyň süýmüne goşmaça pul bermek baradaky meselede düşnüksizlikler kän boldy. Ýa bolmasa, başga bir tehnikamy ýa dökün meselesinde hem prokuratura gatnaýanlar-a köpeldi soňky döwürde. Birazajyk janlanyp, her kişem öz hak-hukugyny göreşip almaldygyn-a göz ýetirip ugrady adamlar, öňküden ganymadrak şu wagt.

Azatlyk Radiosy: Ýurt içinden gowuşýan habardarada "adamlar köplenç hakyny talap etmekden gorkýar ýa-da öz hukuklaryny bilenok" diýilýär. Siziňçe, bu ýagdaýlaryň haýsysy has agdyklyk edýär?

Hakyny talap edýäni hamala bir dawakeş adam ýaly edip görkezmek tendensiýasy güýçli.
Akmyrat Ataýew: Elbetde, [bularyň] ikisem barsa-bardyr şol, ýöne esasysy hakyňy talap etmegiň ugur-ýoluna entek doly-dogry düşünmezlikmikä diýýän-dä köplenç, şol agdyklyk edýär diýip düşünýärin. Esasanam näme, aňyrdan gelýän mekir ýolbaşçylar iliň hak-hukugyny kemsidende, hakyny iýenlerinde, şol [hakyny] talap edýäni hamala bir dawakeş adam ýaly edip görkezmek tendensiýasy güýçli bärde. Indi azajyk şolara-da göz ýetirip ugradylar, dawa edýän däl-de, hakyny talap edýändigine indi düşünip ugradylar adamlar.

Ýöne şol hakyňy talap etmegiň ugur-ýollaryny [bilenoklar], şindizem bolsa, aýdaly, [hakyňy talap etmegiň] bir iş taşlaýyşmy, ýa-da miting geçirmek ýaly kanuny ýollaryndan çekinmän duranoklar häzirem. Ýöne şonuň bir kanuny ýoldugyna, bir jenaýat ýa-da ýaramaz iş däldigine ýuwaş-ýuwaş göz ýetirjekler indi.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, ilatyň kanunda kepillendirilen hukuklaryna durmuş ýüzünde eýe bolup bilmegi üçin näme edilmeli? Bu diňe hökümete bagly meselemi ýa raýatlaryň hem etmeli işi barmy?

Akmyrat Ataýew: Näme, munuň aslyny aýtjak bolsaň, hökümet diýilýän halkyňky, halk hökümetden hemme zady talap etmeli. Hökümetem, elbetde, [halka] borçly. Ýöne häzirki oba hojalygyndan ugur alnanda, ilki bilen, [daýhanyň] hak-hukugyny goramagy üçin hökümet häzir bir inisiatiwa görkezmeli. [Hökümet] her bir ýerli ýolbaşçydan şol kärendeçileriň, oba hojalyk ýeriniň, aýdaly, pagtaçylykda oktýabr aýynda, dänäni sentýabr aýyndamy, her bir daýhan anyk eline şertnamasyny alar ýaly, ikitaraplaýyn, kämil, gowy özleşdirilen şertnamany talap etse, döwlet şony ýolbaşçylaryň üsti bilen [halka] ýetirip, şertnama baglaşylsa, şol şertnamada-da düzgünler bozulan halatynda kärendeçileriň şony nähili ýol bilen düzetmelidigi görkezilse, aýdaly, dökün, tohum, tehnika ýa suw ýetmedik halatynda [näme etmeldigi aýdylsa], ana, şol dokumentlerden başlansa gowy bolar.

Eger ýuridiki dokumendiň eliňde ýok bolsa, ynha özümizem mysal, hiç ýerde arzyň diňlenenok, adamam däl sen, hiç kimem däl, şikaýat etjek gümanyňam ýok. Ynha, şu zatlary ilki hökümet ýerli ýolbaşçylardan berk talap edip, özem döwlet derejesinde şol şertnamalary telewideniýede, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen [halka] doly ýetirip, [olaryň] nähiliräk formada ýazylmalydygy, baglaşylmalydygy düşündirilse gowy boljak. Ynha, geçen pagtada süýmüň puly diýilýän mesele hem şol ýapyklygyna galdy.

Prezidentiň käbir çykyşlarynda aýdylaýmasa, hiç ýerde agzalanok şol. Şonuň nähili formada berilýändigini, haýsy sorta näçe pul berilýändigini, haýsy döwürde sortlary çalyşýandyklaryny düşnükli edip, halka habar berlen bolsa, köp zat düşnükli bolardy. Biziň obamyzda şu meselede şu wagtam çözülmän ýatan bulaşyklyk kän. Şunuň ýaly, ýolbaşçylar tarapyndan etmeli işem bar.

Elbetde, halk tarapyndanam [edilmeli iş] bar. Halkyň özi birneme basyş etmese, aglamadyk oglana emme ýok diýýär. Enesi bolsa-da, aglamasa ýadyndan çykarýar-a çagasyny emdirmegi. Şonuň ýaly, halkyň özem talap etmeli hakyny, ikitaraplaýyn bolmaly-da.

Azatlyk Radiosy: Indi siziň özüňize ýa öz ykdysady hukuklaryňyza dolanyp geleliň. Siz Azatlyk Radiosyna beren interwýularyňyzyň dowamynda öz hukuklaryňyzyň hem bozulandygyny aýtdyňyz. Suda, prokurotura eden şikaýatlaryňyzdan hem netije çykmaýandygyny gürrüň berdiňiz. Siz indi öz hukuklaryňyzy goramak, ýagny özüňiz babatda adalaty dikeltmek üçin näme etmekçi?

Akmyrat Ataýew: Hawa, ynha dört ýyl, bäş ýyla gadam basdy şu mesele, çözülmän gidip otyr. Prokurutura berseň suda, kazyýete, kazyýet ýene-de bolanok diýýär. Aklawçylar bilen gürleşip görsek, seniň hukugyňy talap eder ýaly şertnamaň ýok diýdiler. Indi şu ýagdaýlary doly beýan edip, prezidente çykmakçy, häzirki niýetim. Prezidente düşündirip aýtjak, şunuň ýaly ýagdaýda hak-hukugyň bozulýan bolsa, nädip düzetmeli ony?

Azatlyk Radiosy: Siz prezidente hat ýazmakçymy?

Akmyrat Ataýew: Hawa, prezidente açyk hat bilen ýüzlenmekçi. Şondan soň bu mesele aýdyňlaşar öýdýärin.
XS
SM
MD
LG