Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors polisiýasy jenaýatçylykda aýyplanýan türkmen raýatyny gözleýär


Ilmyrat Işangulyýew (Polisiýanyň çap eden suraty)
Ilmyrat Işangulyýew (Polisiýanyň çap eden suraty)
Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Moskwa şäher Baş uprawleniýesi Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň ýaşaýjysy Ilmyrat Işangulyýewi gözleýär. Ol jenaýata baş goşanlykda aýyplanýar. Bu barada 28-nji martda Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Rýazan oblasty boýunça uprawleniýesiniň internet saýtynda bildiriş ýerleşdirildi.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Rýazan oblasty boýunça uprawleniýesiniň metbugat gullugynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda görä, Işangulyýew Orsýetiň Jenaýat Kodeksiniň 105-nji maddasynyň 2-nji “a” bölegi boýunça, ýagny öte rehimsizlik bilen adam öldürenlikde aýyplanýar.

Bu Orsýetde jenaýat edendigi aýdylýan türkmen raýaty bilen bagly soňky döwürlerde ýüze çykarylan wakalaryň ilkinjisi däl. Geçen hepdäniň ahyrynda hem Moskwanyň polisiýasy Türkmenistanyň raýatynyň eýeçiligindäki jelephananyň üstüniň açylandygyny habar beripdi.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň resmisi Anatoliý Wostowetskiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şol jelephana Türkmenistanyň raýaty bolan 37 ýaşly zenan tarapyndan kireýine tutulan jaýda gurnalypdyr. Resmi habarda jaýda saklanan beýleki iki zenanyň Gyrgyzystanyň 40 ýaşly we Özbegistanyň 35 ýaşly raýatlarydygy aýdylýar.

Rus resmileri tarapyndan gürrüňi edilýän bu wakalar we aýyplamalar barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyndan maglumat almak başartmady.

Orsýet türkmenistanly studentleriň we zähmet migrantlarynyň iň köp barýan ýurtlaryndan biri bolup, Moskwada, şeýle hem Orsýetiň dürli künjeklerinde müňlerçe türkmenistanlylar ýaşaýarlar.
XS
SM
MD
LG