Sepleriň elýeterliligi

Türkmen döredijilik wekilleri Orsýete sapar edýärler


Stawropolyň Medeniýet köşgi

Stawropolyň Medeniýet köşgi

Türkmen döredijik wekilleri Orsýetiň regionlaryna medeni sapara başladylar. Orsýetde ýaşaýan tanymal türkmen režissýory Ýazgeldi Seýidowyň we türkmenistanly bariton Atageldi Garýagdyýewiň çykyşlary 31-nji martda Stawropol regionynda başlanar we Orsýetiň ýene birnäçe regionlarynda dowam etdiriler.

Azatlyk Radiosynda Gözel Hudaýberdiýewa bu çäräniň guramaçylarynyň biri “Ors-Türkmen öýüniň” ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinow bilen türkmen döredijilik wekilleriniň çykyşlary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen döredijilik wekilleriniň Orsýetiň regionlaryna edýän saparynyň dowamynda nähili çäreler göz öňünde tutulýar?

Wladislaw Nemçinow: Moskwadaky “Ors-Türkmen öýüniň”, “Orsýet türkmenleriniň Kongresiniň” inisiatiwasy bilen Stawropol ülkesine sapara başlan türkmen döredijik işgärleri ýerli türkmenler bilen duşuşyklary geçirerler.

SSSR-iň we Türkmenistanyň Döwlet baýraklarynyň eýesi, meşhur türkmen režissýory Ýazgeldi Seýidow medeni duşuşyklarda öz filmlerini görkezer. Türkmenistanyň halk artisti, aýdymçy, bariton Atageldi Garýagdyýew çykyş eder. Olar bilen bilelikde türkmen alymy Nazar Söýünow hem sapar edýär.

Türkmen wekilleriniň Stawropolyň mekdepdelerinde we beýleki okuw jaýlarynda çykyşlary bolar. Şäherlerde we oba ýerlerinde ýaşaýan türkmenler bilen duşuşyklar geçiriler.

Azatlyk Radiosy: Bu medeni saparyň maksady näme?

Wladislaw Nemçinow: Bir maksadymyz bar. Biz, bir tarapdan, “Ors-Türkmen öýüniň” Orsýet Federasiýasynyň giňişliginde türkmen medeniýetini propagandirlemek ugrunda alyp barýan işlerini dowam etdimek isleýäris. Başga bir tarapdan bolsa, regionlarda ýaşaýan türkmenlerde döredijilige bolan gyzyklanamany we höwesi güýçlendirmäge çalyşýarys. Biz Orsýetde ýaşaýan beýleki türkmenleriň-de çykyş etmegini, özlerini tanatmagyny isleýäris. Biz şeýle çykyşlaryň Moswada geçirilmegine-de garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: Medeni duşuşyklar haýsy regionlarda geçiriler?

Wladislaw Nemçinow: Duşuşyklar Stawropol ülkesinde başlanyp, Orsýetiň Astrahan regionynda dowam etdiriler. Soňra Galmygystanda we Saratowda hem geçiriler. Medeni saparyň işi Moskwada tamamlanar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen döredijilik wekilleriniň Orsýetiň regionlaryna başlanan bu medeni saparynyň guramaçylary, şol sanda “Ors-Türkmen öýi” ýene-de nähili çäreleri geçirmegi planlaşdyrýar?

Wladislaw Nemçinow: 3-nji aprelde Moskwada türkmen hudožnigi Wladimir Artykowyň kitabynyň prezentasiýasy, ýagny tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Halkara döredijilik akademiýasynyň wise-prezidenti Artykowyň ýakyn günlerde çapdan çykan “Ýalaňaç model” atly täze kitaby köpçülige hödürlener.
XS
SM
MD
LG