Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Hokkeý Federasiýasy Belarusda geçiriljek ýaryşy goldaýar


Anna güni Orsýetiň Hokkeý Federasiýasy Belarusda 2014-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä ýaryşynyň geçirilmegini goldaýandygyny mälim etdi.

Orsýetiň Hokkeý Federasiýasy Belarusdaky bu ýaryşy ýatyrmak barada Ýewropa Parlamentiniň penşenbe güni kabul eden rezolýusiýasyny tankytlady.

Penşenbe güni Ýewropa Parlamenti Halkara Hokkeý Federasiýasyny Belarusda 2014-nji ýylda geçirilmegi planlaşdyrylýan dünýä ýaryşyny ýatyrmaklyga çagyrýan rezolýusiýa kabul etdi.

Ýewropa Parlamenti prezident Aleksandr Lukaşenkonyň režiminiň mundan beýlägem türmelerdäki syýasy tussaglary azatlyga goýbermekden ýüz öwürmegini dowam etdiren halatynda, bu ýurtda geçirilmegi planlaşdyrylýan hokkeý boýunça dünýä ýaryşyny ýatyrmak arkaly, Lukaşenkonyň režimine “temmi” bermeklige çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG